11.04.2023 Pedagogika130 .

Okuwçylaryñ syýasy sowatlylygyny ösdürmek


Garaşsyz ýurdumyzyñ ýaş nesilleriniñ ylymly, bilimli, giñ dünýägaraýyşly, çuñ gözýetimli, sagdyn bedenli, belent ruhly, arassa ahlakly keşbini kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda olaryñ syýasy sowatlylygyny ösdürmäge hem ýokary ähmiýet berilýär.

Türkmen ýaşlarynyñ syýasy düşünjelerini kämilleşdirmek ýörelgeleri her bir sapagyñ, guramaçylykly çäreleriñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Umumy bilim berýän orta mekdeplerde geçilýän derslerde hem sapagyñ guramaçylyk döwründe şular bilen bagly usulyýete aýratyn orun degişlidir. Şoña görä-de täze tema girişmezden ozal, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy, medeni çäreler, täzelikler hakynda söz açylyp, olar boýunça okuwçylaryñ pikir-garaýyşlaryna ýüzlenilýär, sorag-jogaplar alyşylýar. Munuñ özi sapagyñ hil we mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirip, okuwçylaryñ milli mertebeliligini, watansöýüjilik duýugularyny ösdürmäge itergi berýär.

Bilşimiz ýaly, bilim ulgamynda mekdep okuwçylarynyñ gatnaşmaklarynda hem dürli çäreler, bäsleşikler geçirilýär. Olara gatnaşmak, çykyş etmek arkaly ýaş nesillerimiz döwrüñ wakalaryna ses goşmaga, goşant goşmaga çalyşýarlar. Bu bolsa olaryñ ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyñ üstünlikli amala aşyrylýandygyna, halkymyzyñ täze eýýamyñ Galkynyşyny başdan geçirýändigine, döwlet ähmiýetli işlerde ýaşlara hem uly ynam bildirilýändigine göz ýetirmäge, ýurdumyzyñ medeni, ykdysady, syýasy kuwwatyna buýsanmaga itergi berýär.

Nesilleriñ syýasy garaýyşlarynyñ kämilleşdirilmeginde her ýylymyzyñ mynasyp atlandyrylýan şygarynyñ hem ruhlandyryjy täsiri bardyr. Häzirki wagtda okuwçylara üstümizdäki ýylyñ “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diyen şygarynyñ üsti bilen olara giñ düşünje berilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ ýörelgelerine, bu ugurda kabul edilen döwlet Maksatnamalaryna we milli kanunçylyga esaslanyp, şeýle-de ýylyñ nyşanyna ünsi çekmek arkaly hem okuwçylaryñ bu ugurdaky sowatlylygyny ösdürmek bolýar. Ýeri gelende bellesek, ýaşlaryñ ähli taraplaýyn başarnyklylygyny, döwrebap bilim derejesini we syýasy taýdan sowatlylygyny gazanmak olaryñ jemgyýetçilik işjeñligini has-da güýçlendirýär. Okuwçylarda ata Watana söýgüni, onuñ her bir gününde öz ykbalyñy görmek bilen bagly duýgyny terbiýelemek bolsa bu işiñ esasy maksadydyr.

Biz hem bilim işgärleri döwlet syýasatymyzyñ dabaralanýandygyndan we onuñ halkara derejesinde goldanylýandygyndan ugur alyp, halkymyzyñ Milli Lideri, dünýäniñ görnükli we abraýly syýasatçysy Gahryman Arkadagymyzyñ kitaplaryny ýol-ýörelge edinip, hormatly Prezidentimiziñ dowam edýän beýik işlerine tüýs ýürekden ses goşup ony okuwçylarymyzyñ arasynda wagyz edýäris.

Zamanamyzyñ bu ajaýyp ýylynda türkmen ýaşlaryna has uly ynam bildirip, gelejegi ýaş nesil bilen baglanyşdyryp bize ak ýollar açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalbymyzdan çykýan joşgunly alkyşlar egsilmezdir.

Aýna ÇARYÝEWA,
Mary şäherindäki 5-nji orta mekdebiñ müdiriniñ okuw işleri boýunça orunbasary.



Tmpedagog