10.04.2023 Pedagogika168 .

Ikinji mugallym


 IX-XII asyrlar Gündogarda, şol sanda Orta Aziýada ylym-bilimiň, tutuş siwilizasiýanyň örän ýokary derejede ösen döwri hasaplanylýar. Bu döwrüň alymlary ylmyň ähli ugurlaryndan diýen ýaly dürli ylmy açyşlary edip, dünýä medeniýetiniň güllüp ösmegine uly täsir edipdir. Şolaryň içinde iň görnükli alymlaryň biri hem Abu Nasr Al Farabydyr.

 Ol 870-nji ýylda häzirki Gazagystanyň çägindäki Farap(Otrar) şäherinde oguz-garlyk taýpasyndan bolan harby serkerdäniň maşgalasynda eneden bolýar. Abu Nasr Al Faraby Samarkantda, Buharada, Merwde, Damaskda, Bagdatda okap öz bilimini artdyrypdyr. Bagdatda grek dilini öwrenipdir.

 Al-Faraby filosofiýa, psihologiýa, tebigy bilimler, matematika, syýasat, sazçylyk, estetika, logika we başga-da birnäçe ylymlar bilen meşgullanyp, 70-e golaý dil bilipdir. Ylmy traktatlarynyň sany 160-a golaý bolupdyr.

 Ol gadymy grek ensiklopediýaçy alymy Aristoteliň esasy eserlerini grekçeden arap diline terjime edip, olara teswirler-düşündirişler ýazypdyr. Faraby Aristoteliň, Platonyň ylmy traktatlaryny şeýle düşünikli, sada dilde beýan edip, olaryň üstüni ýetirmesi gadymy grek akyldarlarynyň, esasan hem Aristoteliň garaýyşlarynyň, ylmy traktatlarynyň diňe Gündogarda däl, eýsem Günbatarda şeýle uly meşhurlyga eýe bolmagyna getiripdir. Taryhçylaryň, alymlaryň aýtmaklaryna görä Aristoteli dünýä tanadan hut Al Faraby bolupdyr. Hatda beýik Abu Aly ibn Sina hem özüniň “Ömürnamasynda” ýazmagyna görä, Aristoteliň işlerini näçe okasa-da, ýat tutsa-da düşünmändigini belleýär. Emma bazarda bir satyjydan Farabynyň “Metafizikanyň tezisleri” atly kitabyny üç dirheme alyp okandan soň, Aristoteliň “Metafizikasyna” düşünmäge başlandygyny, hemme düşünip bilmän ýören zatlarynyň düşnükli bolandygyny ýazypdyr. Şonuň üçin döwürdeşleri Al Faraba “ikinji mugallym” “Mugallym as-sany” diýip atlandyrypdyr. Gündogar musulman medeniýetinde “birinji mugallym” diýip Aristoteli hasaplapdyrlar. Aristotel beýik serkerde, makedon şazadasy Aleksandr Makedonskiniň hem mugallymydyr.

 Farabynyň “At-malim as-sany”( “Ikinji taglymat”) atly ylmy iş ýazmagy hem “ikinji mugallym” adyny almagyna getiren bolmagy mümkin.

 Beýik akyldar ylym bilen meşgullanjak adamyň päk ýüregi, şöhratparazlykdan we gopbamlykdan arassa beýik maksatlary bolmalydyr diýip hasaplapdyr. “Ikinji mugallym”-Abu Nasr Al Faraby şeýle belleýär:

 “Mertebe gazanmagyň iki ýoly bar: okatmak we terbiýelemek. Okatmak diňe sözüň kömegi bilen bolýar, terbiýe bolsa sözüň hem, herekediň kömegi bilen amala aşyrylýar”

 Faraby adamlaryň hatly-sowatly, bilimli bolmagyny arzuw edipdir.

Şemşat BAÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty



Tmpedagog