05.04.2023 Pedagogika269

Başlangyç synplarda sypatlary öwretmek


Başlangyç synp okuwçylary öwrenmäge höwesli, bilesigeliji bolup, olara berilýän her bir maglumat täsin we gyzykly bolýar. Şunda mugallym guraýan sapagyny has-da täsirli edip geçmäge, olaryň aňynda gowy galmagyny gazanmaga, şol derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga çalyşýar. Başlangyç synpyň türkmen dili dersinde okuwçylar bilen «Sypatlar» diýen tema geçilýär. Şonda okuwçylara sypatlaryň aňladýan manysyny düşündirýäris. Munuň üçin okuw kitabyny we multimedia tagtasyny peýdalanýarys. Sypatlar «nähili?», «neneňsi?» diýen soraglara jogap bolýar. Okuwçylara düşnükli bolar ýaly, multimedia tagtasynda «Nähili reňk? Gyzyl reňk», «Neneňsi alma? Süýji alma» ýaly şekilli ýazgylary görkezýärin. Şeýle-de, okuw kitabyndan okatmak bilen okuwçylaryň düşünjesini berkidýärin.

Temalar boýunça guralýan sapaklarda öňki geçilen temalary gaýtalamak okuwçy üçin peýdalydyr, çünki onuň geçilen temany ýatlamagy täze tema bolan pikirini jemleýär. Temanyň täsirliligi mugallymyň tejribesine we zähmetine baglydyr. «Sypatlar» diýen tema geçilende mugallym okuwçylaryň türkmen dili bilen birlikde, surat dersi boýunça hem düşünjelerini berkidýär. Okuwçylara, ilki bilen, sypatlar barada düşünje berýärin. Sypatlaryň «nähili?», «neneňsi?» diýen soraglara jogap bolýandygy, olaryň reňkleri, göwrümi, tagamy aňladýandygy barada aýdýaryn. Meselem: kiçi jüýje, gara galam, süýji alma, datly nahar. Şeýle-de, okuwçylara sypatlaryň zatlary, düşünjeleri, gylyk-häsiýetleri boýunça biri-birinden tapawutlandyrmak aýratynlygyny görkezmek üçin ulanylýan sözlere «sypatlar» diýilýändigini düşündirýärin.

Soňra okuwçylara reňk aňladýan, tagam, hil bildirýän, göwrüm-möçber bildirýän, gylyk-häsiýet bildirýän sypatlar hakynda multimedia tagtasynda hem görkezýärin. Mysal üçin:

Reňk aňladýan sypatlar:
ak pagta, gyzyl alma, sary gawun.

Tagam aňladýan sypatlar:
duzly hyýar, süýji köke, turşy gatyk.

Hil bildirýän sypatlar:
gowy baha, gyzykly kitap.

Gylyk-häsiýet bildirýän sypatlar:
akylly oglan, işeňňir gyz.

Göwrüm-möçber bildirýän sypatlar:
uly jaý, giň ýol, uzyn ýüp.

Multimedia tagtasyndaky şeýle ýazgyly şekilleri okuwçylara okadýaryn we her bir jümleden sypatlara degişli sorag berdirýärin. Munuň özi okuwçynyň ýadynda galmagyna, sapaga oňat düşünmegine ýardam edýär. Şeýle hem multimedia tagtasynda sypatlar hakynda soraglar ýazylgy şekili görkezýärin. Sypatlar diýip nämä aýdylýar? Sypatlar nähili soraglara jogap bolýarlar? Sypatlara nähili mysallar getirip bolýar? Şu soraglar arkaly okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýarys. Türkmen dili dersinden «Sypatlar» diýen tema boýunça öwrenilenleriň üsti bilen okuwçylar sypatlara degişli dogry soraglary bermegi başarýarlar. Durmuşda hem dogry peýdalanýarlar.

Okuwçylara täze tema degişli özbaşdak sözlem düzdürýärin we sözlemiň içinde sypatlar bilen baglanyşykly sözleri bellik etdirýärin, şol sözlere soraglary dogry bermegi öwredýärin. Mysal üçin: «Ýaz geldi we sähra gök otlara bürendi». Bu sözlemde «gök» sözi sypata degişli bolup, onuň «nähili» diýen soraga jogap bolýandygyny düşündirýärin.

Bibijan HAJYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 03.04.2023

Tmpedagog