03.04.2023 Pedagogika147 .

Taryh we jemgyýeti öwreniş dersleri okadylanda audio we wideo ýazgylaryndan peýdalanmak


Audio ýazgysyny diňlemek hem medeni hem-de taryhy jemgyýetçilik materialy kabul etmeklige öz goşandyny goşýar. Audio ýazgylaryny diňlemegiň esasy aýratynlygy görkezip ýa-da okuw kitabynda ýazyp beýan edip bolmaýan materiallary diňlemeklige mümkinçilik berýär. Esasan hem taryhy wakalaryň, şahsyýetleriň ses ýazgylaryny sapakda ulanmak okuwçylar üçin şol döwüriň duýgylaryny ýaşamaga mümkinçilik berýär. Taryh we jemgyýeti öwreniş sapagynda, aýratyn hem synpdan daşary geçirilýän işlerde bu dürli ses ýazgylary diňlemeklik öz netijesini berýär. Galybersede audio ýazgylaryndan gurnak işlerinde hem giňden peýdalanyp bolar.

 Taryhy temalara degişli audio ýazgylarynyň ikinji görnüşi çeprer edebiýat eserleriniň ýazgylary hem bolup bilner. Bulara mysal edi: Beýik Watançylyk urşuna degişli goşgularyň ses ýazgylary ulanylyp bilner. Bularyň hemmesi taryh we jemgyýeti öwreniş sapagynyň duýgulara täsirini artdyrýar.

 Taryhy we jemgyýeti öwrenişi okatmakda wideo ýazgylarynyň ähmiýeti. Ilkinji nobatda wideo ýazgylaryny mugallymyň özi görmeli we ondaky maglumatlar bilen tanyşmalydyr. Taryh we jemgyýeti öwreniş sapagynda wideo ýazgyny ulanylmagy mugallymyň sapagy döredijilikli alyp barmagynyň bir görnüşidir. Mugallym okuwçylaryň ünsüni wideo tarapa çekýär, wideodaky esasy pursada gönükdirýär, wideo gutaransoň okuwçylaryň jogap bermeli soraglaryny taýýarlaýar. Wideo ýazgylary tomaşa edilenden soň, özara söhbetdeşlik geçirilýär, öýe ýumuş tabşyranda, wideo ýazgylaryň mazmuny bilen baglanyşykly ýumuşlar berilýär. Ýöne wideoda ýazylan maglumatlar mugallymsyz öwrenilmegi maksada laýyk bolmaz. Diýeliň, wideo ýazgysynda täze temanyň bütin meselelerini aýdyň görkezýän hem bolsa, ol täze tema bilen öňki geçilen temalaryň arabaglanyşygyny, okuwçylaryň wakalary saýgarmagyny we özleşdirmeklerini üpjün edip bilmeýär.

 Wideo ýazgylaryny sapaklaryň iki görnüşinde: täze temany beýan etmekde we gaýtalamak sapaklarynda ulanmak has ýerlikli bolar. Täze tema geçilende, wideo ýazgylary has hem giňden ulanylýar. Sapak wideo maglumatlary arkaly gurnalanda, mugallym iki sany usuly ulanyp biler. Ol usullaryň birinjisi: mugallym wideony wagtal-wagtal duruzyp, säginmek arkaly düşündirip biler. Ikinji usuly bolsa, wideodan soň düşündirmek maksady bilen tomaşa edilýän wideony yzygider görkezmekdir.

Begenç ÇÄŞEMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň Psihologiýa-Pedagogiki ugrunyň magistranty.



Tmpedagog