03.04.2023 Pedagogika187 .

Usuly gollanmalaryň we esbaplaryň ähmiýeti


Görkezme esbaplar, sapaklarda peýdalanmk maksatly döredilen serişdeler we okuw-terbiýeçilik ugurly işlenilip-düzülen taslamalar, hünär gollanmalary, usuly neşirler... bularyň ählisi bilim işgärleriniň ýakyn gollanmalarydyr. Şonuň üçin hem olar bilim ojaklarynyň ählisinde bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň topar otaglarynyň hem görnükli ýerinde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Degişli düzgünlere laýyklykda her bir topar otagynda «Terbiýeçiniň usuly burçunyň» döredilmegi we onuň baýlaşdyrylmagy esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de her bir bilim işgäriň hünär derejesini, sapak guramak usulyýetini, tejribesini bu burçda ýerleşdirilen görkezme esbaplarynyň mysalynda hem bahalandyrmak bolýar.

 Dogrusy, usuly burç terbiýeçiniň sapagy nähili derejede mazmunly guraýandygyndan we toplan tejribesinden habar berýär. Ondaky terbiýeçiniň öz elleri bilen ýasan esbaplary we beýleki serişdeleriň talabalaýyklygy, ykjamlygy, täzeçilligi, ähmiýetliligi we göwnejaýlygy, netijeliligi we wajyplygy taýdan tapawutlanýan esbaplaryň köp dürliligi we mazmunlylygy bilim işgäriniň sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär.

 Burçdaky esbaplaryň sapaklarda yzygiderli, maksadalaýyk peýdalanylmagy öwrenilýän temany doly derejede açyp görkezmäge, sapagy baýlaşdyrmaga, öwrenilýän maglumatlary özleşdirmäge uly kömek berýär. Terbiýeçi öz esbaplary arkaly dilden düşündiriş beren maglumatlarynyň üstüni ýetirýär. Köp ugurly esbaplar boýunça çagalar bilen bilelikde işlemek arkaly nazary bilimleri amaly taýdan berkitmek bolýar.

 Ýeri gelende bellesek, görkezme serişdeleriniň çagalaryň dünýäsine mahsus häsiýetde reňk we gurluş taýdan özüne çekiji bolmagy körpeleriň sapaklara bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Çagalar esbaplardaky özüne çekiji şekiljiklere, görnüşlere we goşundy serişdelere aýratyn üns berýärler. Olar şeýle esbaplar arkaly guralýan sapaklarda işjeňlik görkezýärler, maglumatlary dürs we tiz kabul etmäge ukyply bolýarlar.

 Topar otagyndaky Usuly burçuň esbaplarynyň ekologiýa taýdan arassa önümlerden düzülen bolmagy hem esasy şertdir. Çünki esbaplar çagalaryň saglygyna hiç hili howp salyp bilmejek we otagyň howasyna, giňişligine, ýagtylygyna we ýylygyna oňaýsyz täsir etmejek derejede bolmalydyr.

 Şoňa görä-de terbiýeçi öz peýdalanjak gollanmalarynyň ähli taraplaýyn ähmiýetli, görnükli we oňyn netijeli bolmagyny, şeýle-de esbaplaryň çaga terbiýesine hem gowy täsir etmegini gazanmaga çalyşmalydyr. Şeýle hem öz tejirbesini baýlaşdyrýan terbiýeçi üçin hemişe-de döredijilikli işlemek, täzelikleriň gözleginde bolmak, täze taslamalaryň üstünde işlemek, esbaplarynyň has döwrebap görnüşler bilen üstüni ýetirmek, baýlaşdyrmak we işjeň peýdalanmak mahsusdyr. Berkarar döwletimizde bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, şol sanda sanly görkezme serişdelerini hem giňden peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa milli usulyýetiň döwrebaplaşmagyna itergi berip, bilim-terbiýeçilik işgärlerini has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Jemal ATAÝEWA,
Mary şäheriniň 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



Tmpedagog