30.03.2023 Pedagogika573

Çagalar bagynda oýun usullaryndan peýdalanmak


Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerini döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk alyp barmak, onuň netijeli usullaryny işe ornaşdyrmak we kämilleşdirmek häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biridir. Şol wezipelere esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly körpeleriň aňyna bilimiň başlangyç düşünjelerini ýetirmek, olarda asylly häsiýetleri terbiýelemek ýadawsyz zähmeti, döredijilikli işlemegi talap edýär. Biz bilimiň ilkinji başlangyç düşünjeleri diýenimizde olaryň reňkleri dogry atlandyrmagyny, 10-a çenli sanamagyny, geometrik şekilleri, ösümlikleri, janly-jandarlary tanamagyny we beýlekileri göz öňünde tutýarys.

Çaganyň sowadynyň ilkinji düşünjeleri çagalar bagynda kemala gelýär. Çaganyň ösüşiniň oýunlara has gyzygýan döwrüne gabat gelýänligi sebäpli, bu döwürde sowat öwretmegi oýunlar bilen berk baglanyşdyrmaly bolýar. Çagalar oýun arkaly öwredilen düşünjäni çalt we aňsat kabul edýärler. Harplary öwretmekde hem bu usul diýseň netijeli bolup durýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda harplary öwretmek üçin «Kim çalt tanamagy başarýar?», «Harpmy ýa san?», «Suratdan harplary saýla!» ýaly birnäçe oýunlardan peýdalanýarys. Harplar hakyndaky goşgulary öwrenmegi hem çagalar halaýarlar. Olary çagalara bilelikde we ýekeleýin aýtmagy öwredýäris. Goşgulary bilelikde aýtmak çagalaryň eşitmek arkaly ýat tutmak ukybyny kämilleşdirse, ýekeleýin goşgy aýtmak olaryň sahna medeniýetiniň ilkinji düşünjelerini öwrenmegine başlangyç bolýar.

Harplary öwretmekde, olaryň çekimlilerini we çekimsizlerini tapawutlandyrmakda «Janly harplar» oýny hem diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Bu oýny multimedia tagtada taýýarlanan prezentasiýalaryň üsti bilen geçýäris. Muny her bir terbiýeçi öz başarnygyna we usulyna baglylykda özbaşdak taýýarlap biler. Slaýdlara aýdym aýdýan harplary ýa-da öz adyny aýdýan harplary ýerleşdirip, olary çagalara gaýtalatmak gowy netije berýär. Mundan başga-da, çagalaryň iň eý görýän zatlaryny, ýagny surat çekmegi hem harplary öwretmekde netijeli ulanmak mümkin. Meselem, çagalara reňklemek üçin harplary taýýarlap, her harpy aýratyn reňk arkaly reňklemegi tabşyrýarys. Bu usul çaganyň galama erk etmek, surat çekmek, gyradeň reňklemek, reňkleri tapawutlandyrmak ýaly birnäçe ukyplaryny bir wagtyň özünde kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Çaga heniz çagalar bagynda mahaly gün tertibiniň ýönekeý düzgünlerinden başlap, sowadyň ilkinji düşünjelerini öwrenip başlaýar. Şu döwürde onuň aňyny we hereketlerini wagty tygşytly peýdalanmalydygyna, islendik bir oýundan nämedir bir zady öwrenip bolýandygyna, her bir işiň özüň we töweregiňdäkiler üçin peýdaly iş bolmalydygyna gönükdirmäge çalyşmaly. Ýokarda ady agzalan oýunlaryň ählisi hut şu maksatlardan ugur alnyp ulanylýan oýunlardyr. Olarda esasy maksat sowat öwretmek, çaganyň aňyny we döredijilik ukybyny kemala getirmek, köpçülikde özüňi dogry alyp barmagy terbiýelemek ýaly asylly ugurlara gönükdirilendir.

Çaganyň bilim-düşünjesini ösdürmek işinde çagalar baglaryna wajyp orun degişlidir, sebäbi, bu ýerde çaganyň ösüşinde möhüm bolan bilimiň ilkinji düşünjeleri berlip başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda möhüm basgançak bolan çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze, döwrüň ösen talaplaryna doly jogap berýän çagalar baglarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly kämil düşünjeli ynsanlar bolup kemala gelmegi ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Bägül GURBANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 29.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog