30.03.2023 Pedagogika129 .

Daşary ýurt dillerini öwretmek


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyz ähli babatlarda belent sepgitlere ýetýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek, olaryň dil baýlygyny artdyrmak, dünýä dillerinde erkin gürläp bilmeklerini başarmak we döwrebap bilim bermek meselesine-de uly ähmiýet berilýär.

Alymlaryň bellemeklerine görä, dil aragatnaşyk serişdesidir. Dünýä dillerini öwrenmek bolsa esasy ugurlaryň biridir. Okuwçylara iňlis diliniň ähmiýetini düşündirýäris, bu dildäki çeper we ylmy kitaplaryň köpdügi baradaky maglumaty aýdýarys. Bu bolsa olaryň iňlis dilini öwrenmäge bolan höweslerini artdyrýar.

Ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjak ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim öwretmekde iň täze usullar işlenip düzülýär, ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa sapaklaryň täsirli geçmegine, okuwçylaryň oňat düşünmeklerine ýardam edýär. Daşary ýurt dillerini öwretmekde hem iň döwrebap usullar ulanylýar. Esasan hem, okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sözlükleriň üsti bilen dil öwretmek, lingafon otaglarda audioýazgylary diňletmek ýaly ugurlary bellemek bolar.

Häzirki wagtda okatmagyň döwrebap usullary esasynda dil öwretmegiň hem iň kämil usuly kemala geldi. Şonuň netijesinde häzirki ýaşlarymyz, dünýä dillerini suwara bilýärler. Bu hem olaryň zehinlidiginden, okatmagyň döwrebap usullarynyň netijeliliginden habar berýär.

Dil bilmek ösen tehnologiýalardan baş çykaryp, öz işimizi netijeli amala aşyrmakda internet ulgamynyň kömegi arkaly dürli maglumatlar bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berýär. Dil öwrenmek ýatkeşligiň güýçli bolmagyny talap edýär, sebäbi islendik daşary ýurt dilini öwreneniňde söz baýlygyna üns berilýär. Söz baýlygy bolsa köp okamagyň netijesinde özleşdirilýär. Bu bolsa adamyň erkin we suwara gürlemegine ýardam berýär. Adamyň ukybyna görä, dili öwrenmekde diňlemek, okamak, ýazmak, görmek we gürleşmek usullaryndan peýdalanylýar. Adamyň höwesli we yhlasly bolmagy onuň dili çalt öwrenmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň gowy okamagy, öwrenmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Oguljan HOJAMBERDIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 29.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog