29.03.2023 Pedagogika72 .

Çyzgynyň taryhy


Okuwçylara çyzgynyň taryhy barada düşünje bermek.
Häzirki döwürde orta mekdeplerde guralýan sapaklaryň döwrebap usulyýetler arkaly alnyp barylmagy möhümdir. Okuwçylaryň geçilýän tema oňat düşünmeklerini gazanmak mugallymyň işiniň esasy ugrudyr. 8-nji synpda «Proýektirlemegiň esaslary» dersi boýunça sapak guralýar. Bu ders okuwçylaryň grafiki sowatlylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Onda çyzgylar hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Alymlaryň belleýşi ýaly, çyzgylar tehniki pikiri durmuşa geçirmek üçin örän möhüm serişdedir. Bular barada okuwçylara düşünje bermek bilen, olaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanýaryn, çünki dersiň many-mazmunyna düşünýän okuwçy sapaga işjeň gatnaşýar, dünýägaraýşyny baýlaşdyrýar.

Sapakda okuwçylara çyzgynyň taryhy barada düşünje berýärin, maglumatlary mysal getirýärin. Şunda okuw kitabyny, multimedia tagta üçin taýýarlanan şekilleri, çyzgynyň görnüşlerini ulanýaryn. Okuwçylara häzirki çyzgylaryň taryhy, gelip çykyşy, geçen ösüş ýoly hakynda giňişleýin gürrüň berýärin. Ilkibaşda çyzgylar desganyň guruljak ýerinde, ýagny topragyň ýüzüne çyzylypdyr. Soňra olary daşyň, granitiň we palçykdan edilen plitalaryň ýüzüne çyzypdyrlar. Bu hakynda okuwçylara düşündirenimde multimedia tagtada topragyň ýüzüne çyzylan çyzgylaryň surat şekillerini görkezýärin. Munuň özi okuwçylaryň gyzyklanmasyny, sapaga bolan höwesini artdyrýar. Okuwçylara gürrüň bermek arkaly şekilleriň görnüşleri bilen geçilýän temanyň many-mazmunyny aýdyňlaşdyrýaryn. Bu bolsa sapagyň guramaçylykly alnyp barylmagyny üpjün edýär.

Çyzgynyň taryhy hakynda beýan edilende Gadymy Nusaý galasynyň çyzgysyny görkezýärin. Bu çyzgynyň şekili okuw kitabynda hem ýerleşdirilendir. Şeýle hem okuwçylaryň ählisine düşnükli bolar ýaly, bu şekili multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle-de okuw kitabynda görkezilen XII asyr arhitektura ýadygärligine degişli bolan Soltan Sanjaryň kümmetiniň şekiline seljerme berýäris. Ony multimedia tagtasynda görkezmek arkaly okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýaryn. Munuň özi okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär.

Sapakda okuwçylara çyzgynyň görnüşleri, toparlara bölünişi hakynda düşündirýärin. Çyzgynyň görnüşleri kartografiýa; binagärlik-gurluşyk; medeni-sungat; el işleri we başgalara bölünýär. Bu toparlara bölünişi multimedia tagtada aýratynlykda ýazyp görkezýärin.

Çyzgylaryň taryhy hakynda gürrüň berenimde Merkezi Aziýanyň alymlarynyň çyzgylarynyň üstünde durup geçýärin. Bu alymlar matematika, astronomiýa ylymlary bilen birlikde, geografiýa, geodeziýa, filosofiýa we çyzgy ylmy bilen baglanyşykly birnäçe açyşlary edipdirler. Bu barada düşündirmek bilen, Muhammet ibn Musa al-Horezmi, Abu Reýhan al-Biruny hakynda hem düşünje berýärin. Taryhda uly orun eýelän bu alymlaryň suratlaryny, karta çyzgylarynyň şekillerini multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle hem, akademik W.W.Bartoldyň «Ýeriň surat kitaby» diýip atlandyrmagynyň, Merkezi Aziýa alymlaryna ýokary baha bermeginiň many-mazmunyny düşündirýärin. Bu alymlar hakynda gyzykly maglumatlary, taryhy wakalary okuwçylaryň dykgatyna ýetirýärin. Abu Reýhan al-Birunynyň çyzgy, geodeziýa we geografiýa boýunça ýörite işleriniň bardygyny belleýärin. Şu ýerde okuwçylara Abu Reýhan al-Birunynyň ilkinji bolup Ýer şarynyň globusyny ýasandygyny düşündirýärin hem-de geografik çyzgylarda uly yz goýandygy barada düşünje berýärin.

Sapagyň ahyrynda okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýarys, olaryň degişli tema boýunça düşünjelerini barlaýaryn. Esasan hem, okuwçylaryň sapak hakynda öz soraglaryna jogap berýärin. Şeýle hem, okuwçylara okuw kitabynda görkezilen soraglary berýärin. Olaryň bu soraglara dogry jogap bermegi sapaga oňat düşünendiklerini alamatlandyrýar. Sapagy guramaçylykly geçmek bilen, okuwçylara çyzgynyň durmuşdaky ähmiýeti hakynda düşünje berýärin.

Gülälek TÄÇMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
134-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog