03.01.2023 Pedagogika111 .

Başlangyç synplarda iňlis dilini öwretmekde audio-görkezme esbaplaryny ulanmak


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýar. Bu özgertmeleriň esasy maksady Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýaniň hilini dünýa derejesine ýetirmekden ybaratdyr. Daşary ýurt dilleri jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki döwründe dünýa jemgyýeti bilen aragatnaşyk saklamagyň ygtybarly serişdeleriniň biridir. Dilleri öwrenmekligiň ilkinji basgançagy mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumy orta bilim berýän mekdeplerde dowam etdirilýar.

   Başlangyç synplarda okuwçylaryň söz baýlygy mugallymyň sapagy düşnükli we ýokary derejede alyp barmagy netijesinde artyp başlaýar. Kiçi synplarda aragatnaşyk ilki birtaraplaýyn bolýar. Munuň esasy sebäbi okuwçylaryň sözleri ýalňyş aýtmak bilen bagly çekinjeňligidir. Şeýle ýagdaýlarda okuwçynyň dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesiniň gaçmazlygyny gazanmak gerek. Başlangyç synplarda dil öwretmek çaganyň ähli duýgy organlary işjeň ulanylanda has täsirli bolyar. Sapaklarda audio-görkezme esbaplarynyň ulanylmagy dilleriň netijeli öwrenilmegi, sözleriň has aňsat, täsirli we ýatda galyjy bolmagy üçin peýdaly bolup biler. Sebäbi tehnikany ýerlikli ulanmak okuwçylary gyzyklandyrýar.

   Hemmämiziň bilşimiz ýaly çaganyň ýaşynyň ilkinji ýyllary örän wajypdyr. Bu döwür çagalarda galan täsirler, öwrenilen tejribeler we dünýä bolan garaýşy olaryň bütin ömründe ýatdan çykmaýar. Ol tejribeleriň köpüsi çaganyň ýaşaýan gurşawynda amala aşyrylýar. Öwrenmegi tebigy gurşaw bilen baglanyşdyrmak möhümdir. Sebäbi başlangyç synplarda okuwçylaryň bilesigelijiligi iň ýokary derejededir. Okuwçylar daş-töwerekdäki zatlary we olary gurşap alýan dünýäni özleri öwrenmek isleýärler.
  Audio-görkezme esbaplary bilen öwretmek bilim ulgamynda has giňden ullanylar. Olaryň esasy peýdasy:
* Öwrenmegi ýeňilleşdiryär we temanyň ýatda galyjy bolmagyna kömek edýär.
* Ugurtapyjylygy kämilleşdirýär.
* Okuwçylaryň sapaga has işjeň gatnaşmagyna täsir edýär.
* Daşky gurşaw bilen baglanyşygy berkidýär.
  Audio-görkezme esbaplarynyň dilleri öwrenmäge ýardam berýändigi tassyklanyldy, emma olaryň täsirliligi bütinleýin mugallymyň başarnygyna baglydyr. Eger-de esbaplar ýerlikli ulanylmadyk ýagdaýynda, diňe wagty biderek sarp etmek bilen çäklenmän, eýsem okuwçylaryň sapakdan ünsüni hem sowýar.

  Audio-görkezme esbaplar saýlananda okuwçylar üçin has peýdaly we öwrenmekligiň ýeňil bolmagy üçin mugallymlar şu ýönekeý aýratynlyklara üns berip bilerler.
* Okuwçylaryň zehinini gözegçilik arkaly barlamak: mugallym elmydama okuwçylaryň zehinine gözegçilik etmelidir. Bu gözegçilik mugallymlara okuwçylaryň zehin derejesine laýyk gelýän esbaplary ulanmaga kömek berer. Eger ulanylýan esbaplar okuwçylaryň derejesinden pes ýa-da ýokary bolsa gyzyklanma döretmez we öwrenmekligiň öňüni alar.
* Okuwçylara gerek bolan esbaplary ulanmak: belli bir esbaby ulanmak barada karara gelmeden öň okuwçylara nähili esbabyň gerekdigini bilmemli. Sebäbi öwrenmeklige diňe okuwçy nukdaýnazaryndan seredilse has täsirli bolýar.
* Esbaplaryň çeşmesini we öz başarnygyňy barlamak: mugallym belli bir esbaby ulanmazdan öň elýeterli çeşmeleri gözlemeli we ol esbaplardan üstünlikli we täsirli ulanyp biljekdigine göz ýetirmelidir.
* Jogap beriş mehanizmi: mugallym ulanan audio-görkezme esbaplarynyň okuwçylaryň öwrenmegine oňaýly täsir edip-etmedigine gözegçilik etmelidir. Okuwçylaryň jogap berşinden öwrenenlerini anyklamak mugallyma görkezme esbaplaryna gerekli üýtgeşmeleri girizmäge kömek eder

  Audio-görkezme esbaplary ulanylanda göz öňünde tutulmaly aýratynlyklar: * Okuwçylaryň ýaşyna we bilim derejesine gabat gelmelidir.
* Geçilýän tema bilen baglanyşykly bolmalydyr.
* Okuwçylaryň hemmesiniň görüp we eşidip bilmegi möhümdir.
* Okuwçylaryň gyzyklanmasyny sazlamaly.
* Hakyky durmuş we daşky gurşaw bilen gabat gelmeli.
* Audio-görkezme esbaplary zerur ýagdaýda ulanylmaly.
Elbetde, audio-görkezme esbaplaryň üsti bilen oňyn netijeler gazanmak, mugallymyň yhlasly hem döredijilikli işine, ussatlygyna baglydyr.

Gülaýym Japarowa,
Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
5-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.



Tmpedagog