28.03.2023 Pedagogika81 .

Pedagogika we teatr sungaty


Mugallymçylyk hünäri öz köklerini örän gadymdan alyp gaýydýan we hiç haçan özüniň jemgyýetçilik ähmiýetini gaçyrman gelýän kärleriň biridir. Munyň şeýle bolmagy ýöne ýerden däldir, sebäbi hakyky käriniň eýesi bolan ussat mugallym dürli hünär tärlerinden baş çykaryp bilýän, ýokary ahlakly, ynsanperwer, jemgyýetiň bähbidini öz şahsy isleglerinden ýokarda goýan ynsandyr. Emma, ussat mugallym bolmak her kişä başardanok, edil, halkyň söýgüsini, sahna çykan her bir aktýoryň gazanyp bilmeýişi ýaly. Eýsem, mugallym bilen aktýoryň işinde nähili baglanyşyk we meňzeşlik bar?

 Bu iki hünär eýeleri-de ilkinji nobatda daşky keşbi bilen göze ilýär. Mugallymyň tämiz geýinmegi, üst-başynyň arassa we gelişikli bolmagy şähdini açar, mugallymyň hereketlerini synçy nazaryndan sypdyrman synlaýan çagalaryň öňünde gelşiksiz, oňaýsyz ýagdaýa salmaz. Aktýoryň daşky keşbi barada aýtmasada bolar, sebäbi bu onuň tomaşaçylary özüne çekmekdäki iň esasy, wajyp guraly bolup durýar. Teatr sahnasyna çykan artist öz hereketleri, sesi, ýüz keşbi, mimikalary mahlasy, ähli durky bilen tomaşaçyny özüne baglamagy başarsa we sahna oýnunyň ahyryna çenli ony öz täsirinde saklap bilse, öz işini ussatlarça başardygy bolar. Sapaga girýän mugallym babatda-da şeýledir, mugallymyň sözleri, eden “çykyşy” okuwçynyň aňynda näçe uzak saklansa, şonçada mugallymyň zähmetiniň ýerine düşdigidir. Hormatly Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň sözleri bilen aýdanymyzda “Sapaga taýýarlanýan mugallym edil sahna çykjak artist ýaly bolmalydyr. Umuman-a, sapagyň özi asyl gyzykly oýun ýaly bolup geçmelidir. Elbetde, munuň özi dil, edebiýat, taryh derslerinde, başlangyç klaslarda şeýle bolup biler. Berlen bu sapak çaganyň aňynda şekillenip, ömürlik galmalydyr.

 Mugallym öz sesine aýratyn üns bermelidir. Gaty şaňňy, gyryljak ses çagany basym irizýär. Ýöne ýuwaş ses hem çaganyň gulagyna zor salyp diňlemegine, netijede armagyna getirýär. Degirmeniň sesi ýaly birsydyrgyn sesem çagany ymyzgandyrgyç bolýar. Ses öwrenilýän sapagy kabul etmegiň guraly bolmalydyr. Mugallymyň sapagy ussat bagşynyň aýdan aýdymyna meňzeş bolmalydyr.”

 Käbir sahna eserleriniň mazmuny, beýan edýän wakalary tomaşaça gyzyksyz bolup biler, emma, şol sahna eserini ýerine ýetirýän aktýoryň ussatlygy tomaşaçyny ýadatmaz, onda ymtylyş oýarar, bilmäge höwes döreder. Sahna çykýan artist öz durmuşynda nähili kynçylyklar, aladalar ýüze çyksa-da, ony tomaşaçylara bildirmez,hakyky keşbe girmägi başarar. Mugallymyň-da öz okuw-terbiýeçilik işinde şeýle ýagdaýlara gabat gelýän ýerleri bolýar, emma öz kärine ýürekden berlen, çagalary çyny bilen söýýän mugallym sapakda diňe bir aladalaryny däl, dünýäni unudýar, okuwçylar bilen bir göwre öwrülip beýan edýän temasynyň ummanyna gark bolýar. Ýene-de watançy, ynsanperwer mugallym Berdimuhamet Annaýewiň nesihat edip galdyran, häzirem ähmiýetini ýitirmeýän sözlerine ýüzlenesim gelýär. Onda şeýle diýilýär:

 «Mugallym çagalara terbiýe berýärkä, özüniň adaty bir adamdygyny unudyp, hakyky mugallym bolmalydyr. Hakyky mugallym adamkärçiligiň çür başyna çykmalydyr. Sapaga gelen mugallym okuwçylaryň gözüne ýönekeý adam bolup däl-de, hakyky jadygöý bolup görünmelidir.

 Onuň durmuşynda, maşgalasynda hem kynçylyklar, çözmesi kyn meseleler ýüze çykyp biler. Belki-de, hut häzirki pursat şol meseleler ony basmarlaýandyr we şol zerarly ýüregi agyrýandyr... Emma ol sapaga giren dessine, öz aladalaryny ýadyndan çykarmalydyr we güler ýüzli, hoşgöwün, mähirli mugallym bolmalydyr. Başgaça bolmaga onuň haky-hukugy ýokdur. Ol ähli aladalaryny mekdep gapysynyň daşynda galdyryp gelmelidir we diňe şundan soň sapak geçýän otagyna girmelidir.

 Eger-de mugallymyň ilkinji sözlerinden soň çagalar tijenip, dykgat berip, başlanan pursatdan hoşal bolsalar, onda sapagyň başlanyşy gowy diýmek bolar. Sebäbi çagalar söýgüli mugallymlary bilen duşuşdylar! Emma onuň ýüzünde tukatlygyň alamatlary bar bolsa, onuň agzyndan çykýan sözler itden gorkanyňky ýaly, başly-barat, hereketleri gowşak, jansyz bolsa, gowusy, sapaga barmaly däl. Sebäbi onuň ilkinji aýdan sözlerinden, hereketlerinden okuwçylar onuň ýagdaýyny aňarlar, öňki bolşunyň ýoklugyny görerler. Onsoňam, eger-de mugallym okuwçysyny bir gezek aldadygy, soň ol mugallymyna hiç haçan ynanmaz. Sapakda boş haýbaty ulanmak bolmaz, öz ynanmaýan zadyň hakynda gürrüň bermeli däl, berýän gürrüňine ynanmazlar.

 Mugallym hemişe intizar garaşylýan adam bolmalydyr. Eger-de saglyk ýagdaýy zerarly mugallym şol gün sapagyna gelip bilmedik bolsa, okuwçylaram muňa şatlanyp baýramçylyk etseler, onda ol mugallym hökmünde sagalmanam biler».

 Şu aýdylanlardan ugur alyp, berilýän pedagogiki bilimleri berkitmek maksady bilen biz hem, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistrantlary, institutyň uly mugallymlary Ş. Hudaýberdiýew, K. Baýramowanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzdaky dürli teatrlaryna sahna çykyşlaryny tomaşa etmäge gidýäris. Goýulýan sahna eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti, pedagogika we teatr sungatynyň arabaglanyşygy, etika we estetika barada halypa mugallymlarymyz gymmatly maslahatlaryny bermek bilen, amaly bilimlerimizi berkitmäge kömek edýär.

 Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän we biz-ýaşlara uly ynam bildirýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun!

Sähet GUTLYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen mili dünýä dilleri institutynyň “Psihologiýa-pedagogiki bilimi” ugrunyň magistranty.



Tmpedagog