24.03.2023 Pedagogika84 .

Çagalarda sungata söýgi döretmegiň ähmiýeti


 Çagalara sowat öwretmek, terbiýe bermek bilen bir harada olarda sungata söýgüni döretmek hem Çagalar baglarynda alnyp abyrylýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda aýdym-saz, şekillendiriş sungaty ýaly sapaklar, medeni çäreler, sungat şüweleňleri, baýramçylyk dabaralary we beýleki guramaçylykly işler arkaly körpe nesilleriň duýgulary, sungata bolan höwesleri ösdürilýär.

 Körpeleriň aýdym-saz, tans, çeper okaýyş we beýleki sungat görnüşleri boýunça düşünjelerini ösdürmegiň, başarnyklaryny baýlaşdyrmagyň ýokary ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de nesillerimiziň çagalyk döwründen bu ugurdaky ilkinji endikleri kemala getirilýär. Saz çalmaga, aýdym aýtmaga, tans etmäge höwes edýän we ony ýerine ýetirýän çagalaryň täze nesli ýetişdirilýär. Olar döwrümiziň ruhuna we milli gymmatlyklarymyza mahsus häsiýetde kämilleşip, buýsançly çykyşlary, ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen ata-eneleriň we tebiýeçileriniň guwanjyny goşalandyrýarlar.

 Bakja-baglarynda çagalaryň medeni çykyşlaryny taýýarlamak ýa-da şanly senelere, milli baýrmaçylyklara taýýarlanmak görmek pursatlarynda hem ezber körpeleri ýüze çykarmak bolýar. Olar bilen täze aýdymlaryň, tanslaryň we beýleki çykyşlaryň üstünde işläp olaryň bilýänleriniň üsti ýetirilýär. Körepleriň dünýäsi aýdym-sazalara, şadyýan pursatlara mahsus şonuň üçin hem netijeli usulyýete daýanyp ýaş nesillerimiziň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek biziň baş wezipämiz bolup durýar.

 Çagalaryň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde, olaryň ruhubelentligini, şadyýan ösüşüni rowaçlandyrmakda ýokary ähmiýeti bolan sungatyň aýratrynlyklaryny, saz gurallaryň görnüşlerini, bu ugurdaky beýleki degişli serişdeleriň atlaryny öwretmek hem çagalaryň bu ugurda kämilleşmegine itergi berýär.Milli saz gurallarymyzy görüp, onuň owazyna joşup bilýän bagtyýar körpeleri synlanyňda bolsa bu ugurda çekýän asylly zähmetiňden aýratyn lezzet duýýarsyň.

 Çagalykdan sungata söýgi döretmek arkaly milli terbiýäni rowaçlandyrmaga, gadymy äp-dessurlarymyza daýanmaga ýol açylýar. Çagalarda geljekde geljekde hünär saýlamaga, kesp-kär edinmäge bolan düşünjeleriň binýady tutulýar. Şeýle ajaýyp zamanada öz gymmatly eserleri arkaly türkmen sungatyny we milli medeniýetini dabaralandyrýan dörediji hem alym Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 Türkmen owazynyň hem-de bagtyýar nesilleriň şadyýan mukamlarynyň belentden ýaňlanýan döwründe bilim-terbiýeçilik, sungat-döredijilik işini ýokary derejede ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýdýarys!

Guwanç Babaýew,
Türkmengala etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.



Tmpedagog