20.03.2023 Pedagogika191

Söz gory çaganyň ýaş aýratynlygyna laýyk gelýärmi?


Sözlük gorunyň geriminiň giňemegi sözlügiň baýlaşmagyna baglydyr. Çaga zatlar bilen tanyşmak arkaly atlar, sypatlar, işlikler bilen hem tanyşýar. Mysal üçin: zatlaryň we hadysalaryň atlaryny alyp görsek aý, gün, asman, bulut, pessaý, güýçli, ak, sowuk, ýumşak, ýagty; dürli hereketlerden: ýagýar, guýýar, damýar, öwüsýär bolup biler.

 Söz gory çaganyň düşünjesine laýyk gelmeli. Eger-de çaganyň düşünjesi giňäp, sözlük gory haýal toplanýan bolsa, ol öz pikirini doly beýan edip bilmez. Aýtjak bolýan zadyny hereketi bilen düşündirmäge çalşar. Bu bolsa daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşygyny kynlaşdyrar. Şonuň üçin hem çaganyň öwrenen sözleriniň düzümine onuň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşykda bolmagyny üpjün edýän sözler bolmaly. Çaganyň sözlügine olaryň düşünmejek sözlerini saljak bolmaly däl.

 Çaganyň sözleriniň ähmiýetine düşünmegiň üstünde işlemek hem möhüm işleriň biridir. Sesler diňe bir manyny aňlatmaýarlar.Olaryň köpmanylylygyny heniz durmuş tejribesi bolmadyk çaga özleşdirip bilmeýär. Munuň özi mekdebe çenli döwürde çözülmeýän iş bolup, mekdep ýyllarynda ýuwaş-ýuwaşdan öz manysyna eýe bolýar. Çaga düşünjesi anyk we göni manyly sözleri özleşdirýär. Çagalaryň sözlüginde umumy düşünjäni aňladýan sözler bolsa-da, olara kesgitli derejede düşünýärler. Käbir ýagdaýlarda terbiýeçiniň ulanýan sözlerine hem çagalaryň düşünmeýän ýerleri bolýar. Terbiýeçiniň borjy çaga sözüň manysyna dogry düşünmegi we ony dogry ulanmagy öwretmekdir.

 Çagalar wagt düşünjelerinde köp ýalňyşlyklar goýberýärler. Çaganyň “şu gün geldi” diýmegiň ýerine “ertir geldi” ýa-da bolmasa “irden” diýmege derek “agşam” diýen düşünjeleri ulanýandygyna gabat gelmek bolýar.

 Terbiýeçi çaganyň diňe söz gorunyň gerimini giňeltmek bilen çäklenmän, ondan peýdalanmagy öwretmelidir, sözleýşiň manyly bolmagyny gazanmalydyr.

 Sözlügiň baýlaşmagynyň esasy çeşmesi ulularyň sözleýşidir, ilkinji nobatda bolsa çaga bilim-terbiýe berýän terbiýeçiniň, galybersede ene-atanyň sözleýşidir. Çagalar sözleri we ony peýdalanmagy terbiýeçiden öwrenýärler. Olaryň özi näme gowy, näme dogry, saýgaryp bilmeýärler, eşiden sözlerini gaýtalajak, gören hereketlerine öýkünjek bolýarlar. Şonuň üçin hem terbiýeçiniň sözleýşi şeýle-de hereketleri körpeler üçin nusgalyk bolmalydyr. Ol öz sözleýşiniň, sözlük goruny baýlaşdyrmagyň üstünde yzygider işlemelidir.

 Çaganyň sözlügini baýlaşdyrmagyň ýene-de bir çeşmesi halk döredijiligi we çeper edebiýat bolup, ol ulularyň okap bermegi arkaly özleşdirilýär. Sözlük bilen işlemek daş-töwerekdäki durmuş ýagdaýlary bilen tanyşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup, ol dürli usullardyr tärler arkaly amal edilýär. Şoňa görä-de, şu meselede ene diliniň ähmiýeti biçak uludyr.

 Mugallym, terbiýeçi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny we olaryň öwredijilik maglumaty kabul etmek taýýarlygyny, olara öwretmek usulyny saýlamaly, sebäbi bir ýaşdaky çagalar üçin gyzykly zat beýleki bir ýaşdaky çagalary gyzyklandyrmazlygy mümkin.

 Ýaş nesle bilim, terbiýe bermekde, sagdyn sözleýişi öwretmekde netijeli işleri alyp barmak üçin ähli şertleri we giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, bilim binýadyny berkitýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzy aýdýarys. Bu alkyşlar saýrak dilli körepelerimiziň hem kalbyndan joşup çykýar.

Güljemile HUDAÝBERDIÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



Tmpedagog