17.03.2023 Pedagogika175

Okuwçylarda tebigata söýgini terbiýelemek


Tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşleriniň ösýän ýerini giňeltmek üns berilýän ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem ýurdumyz bagy-bossana beslenýär, tokaýlyklar köpeldilýär.

 Bu jogapkärçilikli wezipe öz ene topragynyň, gözel tebigatynyň we onuň baýlyklarynyň gadyryny bilýän ähli adamlaryň mukaddes borjuna öwrüldi. Tebigaty we onuň gymmatly baýlyklaryny aýap saklamagy başarýan nesli terbiýelemek ata-eneleriň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, mekdep mugallymlarynyň paýyna düşýär. Adamyň öz ýaşaýan tebigatyna garaýşy we gatnaşygy onuň gylyk-häsiýetiniň döreýän wagty kemala gelýär. Bizi gurşap alan täsin dünýä bolan söýgini terbiýeleýär.

 Okuwçylary ýaşlykdan tebigat baýlyklaryna gowy garaýyşly edip terbiýelemek üçin bu asylly işleriň many-mazmunyny düşündirmeli. Şu maksat bilen sapakda baglaryň tebigata, howanyň arassa bolmagyna täsirini düşündirýäris. Baýyrlary, daglary bezäp oturan gülälekleriň, çigildemleriň, jümjümeleriň, otjagazlaryň diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, ýakymly yslary bilen hem adamlary özüne çekýändigini, ähli ösümlikleriň adam üçin peýdalydygyny olara gürrüň berýäris. Tomusda dag jülgelerinde bitýän ir-iýmişleri, dag üljesi, nar ýaly agaçlary görkezmeli, olaryň özlerine ir-iýmişleri ýygnatmaly. Okuwçylaryň özbaşdak tapan ýekeje kömelegi ýa-da bagdan ýolup alan ir-iýmişi olary terbiýelemekde dilden aýdylan köp gürrüňlerden peýdaly bolýar.

 Synp otagymyzda dürli görnüşli otag güllerini ösdürýäris. Okuwçylara otag güllerine ideg etmegi tabşyryp, mugallymyň özi daşlaryndan gözegçilik etse has-da oňat netijesini berýär. Okuwçylara gülleri suwarmak, olara ideg etmek ýaly işleri tabşyrmaly. Bularyň hemmesiniň okuwçylaryň tebigat bilen gatnaşygyny jebisleşdirmekde, ösümliklere, haýwanlara söýgi döretmekde uly ähmiýeti bar. Şeýle hem synp otagymyzda tebigat senenamasy — diwarlyk ýerleşdirilen. Tebigat senenamasynda gündelik howanyň ýagdaýy, açyk howa, ýagynly günler, ýeliň ugry hasaba alynýar we bellenilýär.

 Okuwçylar bu diwarlygy gündelik howa ýagdaýyna görä doldurýarlar. Munuň özi okuwçylaryň tebigat bilen özbaşdak gyzyklanmak häsiýetlerini terbiýeleýär, tebigat baradaky düşünjelerini artdyrýar, tebigata söýgini terbiýeleýär. Okuwçylar bilen haýsy-da bolsa bir ösümligi ekenimizde, şol işi özbaşdak ýerine ýetirmegi okuwçynyň özüne ynanmaly. Şonda okuwçyda zähmete hem-de özüniň eken şol ösümligine söýgi döreýär.

 Isle sapakda, isle sapakdan daşary geçirilýän işlerde, tapawudy ýok, çagalara tebigaty goramak barada mekdepde berilýän terbiýe öýde ata-enesiniň berýän terbiýesi bilen sazlaşykly bolup, bir-biriniň üstüni ýetirmelidir. Mekdepde çagalara ösümlikleri aýap saklamalydygy, tebigatyň biziň gymmatly baýlygymyzdygy öwredilmeli. Biz iýjek-içjek, geýjek we durmuşda bolelin ýaşamak üçin gerek bolan hemme zatlary mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyndan alýarys. Şonuň üçin biz tebigaty gorap saklamalydyrys we söýmelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bag ekmek dabarasy hem her ýylda yzygiderli geçirilýär. Bu çäreleriň netijesinde bu gün ata Watanymyz bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwrülýär. Çaga ýaşlykdan tebigatyň baýlyklaryna oňat düşünse, şonda ol ata-enesine, dogan-garyndaşlaryna, dostlaryna, Watanyna wepaly adam bolup ýetişer.

Tyllagözel GELDIÝEWA,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.03.2023

Tmpedagog