08.03.2023 Pedagogika107 .

Çagalar baglarynda Halkara zenanlar gününiň guralyşy


Ülkämize toý bolup gelen baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara Zenanlar güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, edara-kärhanalarda bolşy ýaly, bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem mynasyp bellenilýär. Bagtyýar nesillerimiziň sowat öwrenýän we tebiýelenýän ojagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bu baýramçlyk many-mazmunly we belent ruhly guralýar.

 Bu baýramçylyk günleri edaranyň zenan işgärlerine we körpeje gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgatlarynyň dabaraly gowşurylmagy bilen dabaralanyp, dürli çäreler bilen dowam edýär.

 Degişli guramaçylyk meýilnamasyna laýyklykda ähli çagalar bakja-baglary bahar gözellikleri bilen bezelip, toý meýdançasyna öwrülýär. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde degişli tertibe görä Günüň birinji ýarymynda çaglaryň şadyýan çykyşlary, gutlaglary, labyzly goşgulary, sahnajyklary, aýdym-sazlary we joşgunly tanslary ýaýbaňlandyrylýar. Ähli ýerine ýetirilýän çykyşlarda, bilim işgärleriniň gutlaglarynda mähriban zenanlaryň, eziz eneleriň waspy belentden ýaňlanýar. Gadyr-gymmaty, hormat-sarpasy belentde tutulýan enelerimiziň mähriban çagalary, bagtyýar perzentleri tarapyndan gutlanylmagy ýokary many-mazmunly we täsirli bolup, okuw-terbiýeçilik işiniň hil derejesini artdyrýar.

 Ýeri gelende bellesek, zehinli we ukyp-başarnykly nesillerimiziň bu senä bagyşlap çeken suratlary, ýasan şekiljikleri we owadan görnüşleri mähriban ejeler üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Ene üçin perzendiniň bilim-terbiýesinden, bagtyýarlygyndan, ýakymly ýylgyryşyndan gaýry zat ýokdur. Şonuň üçin hem eneler bilen perzentleriň arasynda duran çagalar baglarynyň terbiýeçileri, ähli bilim işgärleri asylly ýörelgelere esaslanyp alyp barýan işlerini barha ilerletýärler.

 Elbetde, Halkara zenanlar güni hem nesil terbiýesinde-de uly ähmiýete eýe bolup, çagalarda enä hormat goýmak, olary söýmek, olary goramak we öz üstünlikleri bilen guwandyrmaga çalyşmak duýgusyny ösdürýär. Şu günki arassa ahlakly, edep-terbiýeli, ýiti zehinli balalarynyň bagtyna guwanyp, geljekde has arzyly ak günleri garşylamak ähli eneler üçin bagtyň başydyr, naýbaşysydyr.

 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmeniň ene mukaddesligine goýýan sylag-sarpasyny täze belentliklere göterip, il ykbalynda we nesil terbiýesinde örän uly orny eýeleýän şeýle şanly seneleri ýokary guramaçylyk derejesinde baýram etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, bu asylly ýörelgäniň binýadyny has-da berkiden Gahryman Arkadagymyza gursakdan çykýan alkyşlar egsilmezdir.

Ženet DAWRONOWA,
Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



Tmpedagog