05.03.2023 Pedagogika76 .

Zähmet―ömürleriň manysy


Edep-terbiýeli, arassa ahlakly, ylym-bilimli, baý dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, belent ruhly şahsyýeti kemala getirmekde zähmet terbiýesine ähmiýet bermek türkmeniň terbiýe mekdebinde we durmuş tejribesinde uly orny eýeleýär. Çagalarda zähmete söýgi döretmek, zähmet çekmek endiklerini ösdürip olary zähmetkeş adamlar edip ýetişdirmek bolsa ertirki günümiziň halal we ygtybarly gollarda boljakdygy bilen bagly bolan ynamymyzy pugtalandyrýar. Çünki, şu günki ýaş nesil-ertir ýurduň gülläp ösüşlerini gazanmaly zähmetkeş ynsan hasaplanylýar.

 Hut şu nukdaýnazardan hem ýaşlary hakyky manysynda terbiýelemek meselesinde olara zähmet terbiýesini hem ýeterlik derejede bermek zerur. Sebäbi, biziň ömrümiziň bezegi, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi, garaşsyz ýaşaýyşymyzyň özeni zähmet bilen, onda-da arassa maňlaý deri dökülip çekilen halal zähmet bilen berk bagly.

 Heniz çagalyk döwründen zähmete gümra bolmak, jahyllykda zähmet endiklerini pugta ýerine ýetirmek, kämillikde zähmet ýoluna doly girişmek, soňra şol ýoly külterläp, tä ömrüniň ahyryna çenli zähmeti özüne hemra edinen adam bularyň ahyrynda hiç bir zat bilen ornuny çalşyp bolmajak derejede rehnedini hem görýär. Päk ýürekden yhlasly zähmet çekmek ynsan durmuşyna özüniň eşretlerini, bol-elinligini eçilýär. Şeýle bagta ýetirýän zähmet adamzadyň diňe bir maddy ýagdaýyny gurplandyrman, eýsem ruhy tarapdan hem lezzet, işine söýgi, kalbyna hyjuw we joşgun berýär. Beden hem beýni saglygyny berk etmäge kömek edýär. Jemgyýet üçin zähmet we onuň netijeleri adamyň jemgyýetdäki eýeleýän ornuna hem belli bir derejede täsir edýär.

 Binýady berkden berkarar edilen täze eýýamyň Galkynyşy döwri her bir şahsyýet üçin okamaga-öwrenmäge, işlemäge-döretmege, gujuryň bilen gurmaga giň ýol açýar. Bu babatda dürli mümkinçilikler, ähli şertler yzygiderli döredilip ulanylmaga berilýär. Bagtyýarlyga we rowaçlyga beslenýän günlerimizde çekilýän halal hem päk zähmetiň rehnedi bolluk bolup eçilýär. Çekilen zähmetiň gadyr-gymmaty bilinýär. Munuň özi bolsa ynsan ömrüniň bezegi, ýaşaýyşyň many-mazmuny, gözellik gönezligi bolan zähmete söýgi, hünäriňe guwanç-buýsanç, ruhuňa ganat berýär, işiňi kämil alyp barmaga iterýär.

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



Tmpedagog