25.02.2023 Pedagogika65 .

Asylly käriñ eýeleri


Mugallym - bu sözde bereketli sähralaryň giňligine, geňligine çalymdaş many bar. Bu sözde türkmeniň terbiýe pelsepesi, akyl–paýhas terjibesi jemlenýär. Bu sözde bir şahsyýetiň müňläp ynsanyň ykbalyna dahyllyk bar. Şeýle hem «mugallym» diýlende adamlary ýetişdirýän hem kämilleşdiýän güýçji duýmak bolýar.

 Şonuň üçin hem ähli halklarda, şol sanda biziň halkymyzda hem «mugallym» diýen belent ady göterýän admlara aýratyn sarpa, çuňňur hormat goýulýar. Mugallymçylyk kärini ele alanlar il-ulusynyň içinde sylag-hormatdan peýdalanýar. Çünki olar ýaş nesillere sowat öwredýän, olaryň sagdyn ösüşine täsir edýän we durmuşda mynasyp orunlaryny eýelemekleri ugrunda edilýän tagallalara uly goşant goşýarlar.

 Ata-eneleriň, il halkyň ynamy bilen geljegimiziň eýeleri bolan nesilleriň hemmetraplaýyn bilim-terbiýesiniň ynanylýan adamlary hökmünde mugallymlaryň alyp barýan işleri jemgyýetimiz hem döwletimiz üçin-de uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de Garaşsyz Türkmenistanda bilim-terbiýeçilik işgärleriniň taýýarlanylyşyna, hünär taýdan okadylyşyna hem uly üns berilýär.

 Olaryň alan bilimleriniň amaly taýdan özleşdirilmegi, döwrebap usulllardan baş çykarmaklary, tejribeler arkaly taplanmaklary üçin hem maksatnamalaýyn işler ýola goýulýar. Bilim işgärleriniň, mugallymlaryň, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda hem kämilleşdiriş okuwlary yzygiderli guralýar. Olaryň ýaş nesiller bilen geçýän sapaklarynyň hil we mazmun taýdan baý häsiýetli we netijeli bolmagy ugrunda usuly işler hem alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, mugallymlaryň çekýän zähmetiniň nazara alnyp olaryň zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem bu hünäre bildirilýän ýokary sarpadan alamatdyr.

 Mugallym diýen şeýle hormatly käriň eýeleriniň diňe bir hünär taýdan däl, eýsem, ahlak, medeniýet babatda hem göreldeli bolmagy zerurdyr. Çünki çagalar özlerine sapak berýän ussatlarynyň gylyk-häsiýetlerini, özüni alyp baryşyny, ähli taraplaýyn medeniýetini hem duýguçyllyk we synçylyk bilen kabul edýärler. Şoňa görä-de her bir mugallym diňe bir bilim derejesi bilen däl-de durmuş nusgasy bilen öz okuwçylaryna, töwereginiň ýaşlaryna görelde bolmalydyr.

Dursungözel Çaryýewa,
Murgap etrabyndaky 4-nji çagalat bakja-bagynyñ terbiýeçisi.



Tmpedagog