25.02.2023 Pedagogika311 .

Çagalaryň sowatlylygyny ösdürmekde tapmaçalaryň ähmiýeti


 Tapmaçylaryň okatmakda peýdalanylmagy çagalaryň aň kämilliginiň ösmeginde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Pikirlenmek arkaly öwrenmek ýatkeşligiň ösmeginde şeýle hem okamaga bolan höwesi oýarmakda, bilimleri berkitmekde uly mümkinçilik döredýär. Çagalaryň gündelik durmuşda ulanýan we görýän zatlaryny, jogaby pikirlenmäni talap edýän, tapmaça gürnüşli goşgularyň üsti bilen düşündirmek olarda bar bolan zehini açmaga ýol açýar. Dürli temalardan düzülip, her bir aýratyn bentde onuň jogaby hakda gürrüň edilýän aýry-aýry mazmunly tapmaçalarda tebigatymyzyň baýlyklary, haýwanat dünýäsi, dürli miweleriň atlary, matematiki amallaryň atlandyrylyşy we beýlekiler giňden beýan edilýär.

 Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ähli toparlarynda geçilýän sapaklarda islendik tema geçilende temanyň esasy düzümine girizilen tapmaçalar peýdalanylsa, tapmaçalaryň jogabyny bolsa çagalaryň özlerinden soramak bilen, gyzykly hem täsirli, ýeri gelende bäsleşik esasynda alyp baryp sapagyň netijeliligini gazanyp bolar. Mysal üçin haýwanlar, ýer ýüzündäki dürli jandar barada tema geçilende aşakdaky ýaly tapmaçalardan peýdalanyp bolar:

Mekirlik hakda söz açsak,
Ýada düşýändir ol ilki.
Kyn düşmez oň adyn tapmak,
Ýeserje haýwan ol ...( Tilki )

Bedenin tiken örten,
Gezer tomus gijesi.
Ürküzseň ýumak bolar,
Gorkak meýdan ... ( Kirpisi )

 Tapmaçalardan görnüşi ýaly, haýwandyr jandarlaryň häsiýetleri, görnüşleri, ýaşaýan mekany dolulygyna beýan edilýär. Bu bolsa çagalara olar barada giňişleýin bilmäge şert döredýär.

 Eger-de sapakda gök miweler barada geçilýän bolsa, şeýle tapmaçalar ulanylyp bilner:

Bagymyzyň bezegi,
Ýöne, bişmänkä ýolma,
Köp çaganyň söýýäni
Gyzyl hem sary ...( Alma )

Sumbardyr baý mekany
Datly suwly dänesi bar.
Halylara boýag bolýan
Peýdasy ýokumly ... ( Nar )

 Mysallardan görnüşi ýaly, şeýle görnüşdäki islendik tapmaçany alsak-da onda aňladylýan pikir örän sada we düşünikli dilde. Bu bolsa çagalaryň ýeňillik bilen düşünmegine, tiz pikirlenip bilmek ukybynyň ösmegine ýardam berýär. Şeýle usullaryň has-da kämilleşdirilmegi, ýaş nesilleriň mekdep ýaşyna çenli bolan döwrüň içinde öz ukyp-başarnygyny açyp, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine şert döredýär. Ýene-de bir aýratyn tarapy çagalarda terbiýeçiligi ösdürmäge hem çeşme bolup hyzmat edip bilmegidir. Ýagny alma hakyndaky tapmaçada:

“Bagymyzyň bezegi,
Ýöne, bişmänkä ýolma”

 diýen setir bişmedik miwäni ýolmazlygy ündeýär.

 Bu tapmaçalary diňe bir mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda däl eýsem, ýeri gelende orta mekdepleriň başlangyç synplarynda hem ulanmak bolar (esasan hem alty ýaşly çagalar bilen geçilýän sapaklarda).

 Sapaklarda ulanylýan tapmaçalaryň jogabyny bilmekde diňleýjiler (çagalar, okuwçylar, ...) kynçylyk çekýän ýa-da düýbünden jogabyny bilip bilmedik halatynda, pikirlerini tertipleşdirmeklerini, göz öňüne getirmek ukyplaryny kämilleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen tapmaçanyň jogaby barada goşmaça maglumatlar bermek, degişli suratlardan peýdalanmak hem maksada laýyk bolar. Ýene-de bir bellemeli zat her tapmaçada takyklyk, sadalyk düşüniklilik, yzygiderlilik, çeperçilik, ... duýulmalydyr. Olar ulanylanda çagalaryň ýaş we topar aýratynlyklary ünsden düşürilmeli däldir. Çünki, çaga şol söz düzümlerinden many alýar, jogabyny tapmak üçin pikirlenýär, bilmeýän zatlaryny öwrenýär, sapakda ýadamaýar.

 Bilşimiz ýaly häzirki döwür ösen tehnolgiýalaryň, kompýuterleşdirlen enjamlaryň ähmiýetinden giňden peýdalanylýar. Ynha şeýle işleri tapmaçalar bilen bagly sapaklarda hem giňden peýdalanmak bolar. Tapmaçalaryň ses ýazgysyny taýýarlamak, tapmaçalaryň jogaplaryna degişli slaýtlary, şekilli ýazgylary döretmek hem döwür bilen aýakdaş gitmeklige hem-de çagalary täze innowasiýalara çekmeklige şert döredýär. Tapmaçalardan taýýarlanan ýörüte ýazgyny çagalara diňletmek we onuň jogabyny multimediýa tagtasy arkaly ekrana çykarmak bilen sapagyň hilini artdyrp bolar. Çagalar bu ýagdaýa has-da gyzyklanma bilen çemeleşerler. Çünki mekdebe çenli we ondan soňky döwüre mediýa, şekillilik, suratlar, heňler we oýnawaçlar has ýakyn. Ýöne şeýle işler amala aşyrylanda terbiýeçi sapaga bolan işjeňligini birjikde gowşatmaly däldir. Gaýtam tehnologiýalary ýerlikli peýdalanmaga çalyşyp, goýberýän ýazgylaryna, olaryň ses ýygylygyna we ölçegine, ekrana çykarjak şekiline üns bermeli. Bu görnüşde geçilýän sapaklar öz gezeginde sapagy interaktiw usulynda geçmeklige hem-de sapagyň hiliniň ýokary bolmagyna, netijeliligine özüniň oňyn taraplaryny ýetirer. Zähmeti döredijilikli alyp barmaklyga, usuly başarnyklary kämilleşdirmäge itergi berer.


Ogulmaral HAPBAÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



Tmpedagog