Göwnaçma çäresi näme?
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň göwrümi uly hem köptaraply şeýle-de jogapkärlidir. Geçirilýän ähli çäreler öz gezeginde çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly hem kämil ösüşini gazanmagy maksat edinýär. Bu bilim-terbiýeçilik adarasynyň içinde ýola goýlup, alnyp barylýan işleriň arasynda baýramçylyk, sport, sagaldyş, taplama çäreleri bilen birlikde göwnaçma çäreleri hem uly ähmiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.
Göwnaçma çäreleri her bir toparyň ýaş aýratynlyklaryna görä guralýar. Bu çäreleri aýyň dowamynda iki-üç gezek geçirmeklik maksadalaýyk hasaplanýar. Çagalar bakja-baglarynda guralýan dürli mazmundaky göwnaçma agşamlarynyň aşakdaky ýaly görnüşleri mälimdir:
*Uly ýaşly adamlaryň çagalar bilen guraýan göwnaçma çärleri.
*Çagalaryň öz döredijilik başarnyklary esasynda guraýan göwnaçma çäreleri.
*Uly ýaşlylaryň hem-de çagalaryň bile gatnaşmagynda guralýan göwnaçma agşamlary.
Howa şertleri nazara alnyp, göwnaçma çäreleri daşarda çagalar topary üçin niýetlenen ýörüte basdyrmalaryň aşagynda guralsa has täsirli bolýar. Açyk howada çagalaryň ruhy taýdan galkynmagyna, guralýan çäräniň gowy, gyzykly, şowhunly we täsirli bolmagyna getirýär. Bu çäreleri uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda özbaşdak guralyp bilner.
Göwnaçma çäreleriniň mazmuny örän köpdürlidir. Olarda çagalar many taýdan aňsat bolan ertekileri, hekaýajyklary sahnalaşdyryp, aýdym aýdyp, goşgy okap göwünlerini açýarlar we ruhy taýdan dynç alýarlar. Uly toparlarda guralýan agşamlarda toparyň çagalary gurjaklary oýnadyp, oýun guramaklygy başarýarlar. Şeýle-de çagalar öz aralarynda kiçijik toparjyklara bölünip, sport ýaryşlaryny hem geçirýärler.
Göwnaçma çäresiniň esasy bezegleriniň biri hem aýdym-saz bolup durýar. Bu bir tarapdan ruhy lezzet, saza goşulyp ýerine ýetirilýän tans gözellik hem sagdynlyk eçilse, ikinji tarapdan guralýan çäresiniň baý mazmunly hem talabalaýyk bolmagyna getirýär. Käbir göwnaçmalar dolulygy bilen aýdym-sazy diňlemeklige hem bagyşlanyp bilner.
Göwnaçma çäreleriniň çäklerinde toparyň çagalarynyň doglan günlerini (2-3 çaganyňkyny birlikde) hem aýdym aýdyp, tans edip, belläp geçmek bolýar. Günüň ikinji ýarymynda mümkinçilik bar ýerinde 15-20 minut töweregi çagalara niýetlenen multfilmlere tomaşa etmek hem maslahat berilýär.
Göwnaçma agşamlaryna taýýarlanmak we geçirmek işlerine gatnaşýan çagalarda ruhy şadyýanlygy, terbiýeçiligi we çagalaryň hereketjeňlik işjeňligini gazanmaga uly mümkinçilik bar. Çagalar bu çärelerde çykyş etmek bilen söz hem hereket medeniýetini öwrenýärler. Şeýle-de bu çäreler estetiki döredijiligiň ösüşi bolan estetiki terbiýäni ýokarlandyrýar, ýagny olaryň islenik işe döredijilikli çemeleşmegine, biri-biri bilen hoşniýetli hem ykjam gatnaşygy ýola goýmaklaryna getirýär we olaryň dostluk, ýoldaşlyk hem köpçülikleýin gatnaşyklaryň ruhunda terbiýelenmegine kömek edýär. Göwnaçma çäreleriniň üsti bilen mekdebe çenli ýaşly çagalaryň umumy düşünjelerini ýokary basgançaklara götermek bolýar.
Tawus Suhanowa,
Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.