09.02.2023 Pedagogika104 .

Çagalara Ene dilini öwretmek


Mekdebe çenli ýaşly çagalara türkmen dilini, sözleýiş medeniýetini öwretmek möhüm meseleleriň biridir

 Ene dilimizi öwrenmek, ösdürmek, onuň arassalygyny aýap saklamak, baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek babatda dürli işler amala aşyrylýar. Ene dilimiz bu-biziň edebimiz, geçmişimiz, şu günümiz hem-de ýagty geljegimiz.

 Milli dilimiziň taryhda geçen ýollaryny, şertlerini, ulanylşyny, sözleýişde peýdalanylşyny, ýazylşyny, many-mazmunyny, umuman dile degişli bolan ähli esaslary öwrenmek zerurdyr. Şeýle işleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda baý ene dilimizi geljege geçirmekde, ýagny, nesillerimize türkmen dilini öwretmekde hem netijeli işler alnyp barylýar.

 Dil öwretmekde çagalaryň maglumatlary kabul ediş ukybynyň ýokary bolýan döwri saýlanyp alynsa maksadalaýyk bolar. Ylmyň hem durmuş pelsepesiniň tassyklamagyna görä adam ogly ýaş taýdan näçe kiçi bolsa habar kabul etmek mümkinçiligi uly bolýar. Dil öwretmeklige çaganyň irki ösüş döwürlerinden başlamagymyz möhüm. Sebäbi dil biologik proses bolup, psihologik prosesler bilen bilelikde çaganyň dünýä inen ilkinji günlerinden kemala gelýär. Her bir başlangyç ilki binýatdan başlanýar. Sözüň binýady hem çaganyň dil biten günlerinden başlap, ulularyň tagallalary esasynda goýulýar.

 Çagalara sowat öwretmegiň we terbiýelemgiň çäklerinde milli dilimizi öwretmekde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň hem mynasyp paýy bar. Çünki, ynsan balasynyň dil öwrenýän, sözlemäge girişýän döwri mekdebe çenli ýaşy öz içine alýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalara dil öwretmekde esasan, iki maksat göz öňünde tutulýar. Birinjiden, jemgyýetimiziň şu günki we ertirki zerurlyklary hökmünde ene dilini wajyp aragatnaşyk serişdesi hökmünde, ikinjiden çaganyň sözleýiş medeniýetini kemala getirmek bilen, olaryň öz ene dilini çuňňur öwrenmeklerini gazanmaly. Bu maksadyň myradyna gowuşmagy üçin bolsa bilim syýasatynda dil bilimini şeýle-de üç dilliligi

 ösdürmekde alyp barýan işlerinden we degişli tabşyryklaryndan ugur-ýörelge alynýar.

 Irki we mekdebe çenli ýaşly çagalara ene dilini öwretmek terbiýeçiniň, mugallymyň ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Şonuň üçin hem terbiýeçiler öz kärlerini usuly taýdan özleşdirmelidirler, çagalara ene dilini öwretmek üçin bu ylmyň ähli usullaryny we tärlerini gowy bilmelidirler. Şahsyýetiň ruhy baýlygy, sagdynlygy, nesilden-nesle geçýän ene dilimiziň ýoýulmazdan öwredilmegi, gözellik taýdan terbiýelenmegi, nesilleriň Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeginde terbiýeçiniň eýeleýän orny uly. Şu jähtden hem terbiýeçi ýerine ýetirýän wezipesiniň wajyplygyny ene-atanyň ynanan baýlygy bolan terbiýeleýän çagasynyň, şu güniň bagt buşlukjysydygyna, ertirki gün ýurduň eýeleri bolup, bütin halkyň ykbalyny kesgitlemäge gatnaşjak şahsyýetdigine doly we ýürekden düşünmeli. Alyp barýan işiniň örän jaýdar hem çuňňur bolmagyny gazanmaga çalyşmaly.

 Pedagog çagalara dili we sözleýişi öwredende, bilimleri baýlaşdyranda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň aýratynlyklary barada nazary bilimleri doly özleşdirmegi, ýörüte maksatnamadan özbaşdak peýdalanyp, sözleýiş dilini ösdürmek boýunça işleri talabalaýyk guramagy, alyp barýan işini dogry meýilnamalaşdyrmagy, usuly we goşmaça edebiýatlardan peýdalanmagy, okatmagyň has netijeli usullaryny agtaryp tapmagy, işjeň usullardan peýdalanyp geçýän sapaklaryny açyk we göreldeli görnüşlerde guramagy, ýurt we ýerli täzeliklerden habarly bolmagy başarmaga çalyşmaly. Umuman, okatmak, bilim bermek, terbiýelemek işleri pedagogik-psihologik esasda alnyp barylmaly.

 Sözleýiş tipleriniň körpede kiçi ýaşlarda kemala gelýändigini nazara alyp sözleýiş endikleriniň binýadyny (diolog, monolog, gürrüň etme, hekaýa etme, beýan etme, suratlandyrma) berkden tutmalydyr. Sözleýiş iki görnüşden durýar, birinjisi, dilden we ýazmaça sözleýişe düşünmek, ikinjisi öz pikiriňi erkin we dilden beýan edip bilmek. Biziň dil öwretmek we sözleýişi ösdürmek babatdaky wezipämiz mekdep durmuşynda zerur boljak sözleýşiň şu iki görnüşi boýunça ilkinji başarnyklaryň hem başlangyçlaryň kiçi ýaşlardan dogry ýola düşmegini gazanmakdan, ony kanagatlanarly ýola goýmakdan ybaratdyr.


Jennet Emirowa,
Mary şäherindäki 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



Tmpedagog