08.02.2023 Pedagogika91 .

Başlangyç synplarda iňlis dilini öwretmegiň usullary


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary netijesinde, ylym-bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bolsa, okuwçylaryň alýan bilimlerini has-da çuňňur öwrenmegine, mugallymlaryň-da döredijilikli işlemegine uly itergi berdi.

 Okuwçylaryň temalary düýpli özleşdirmekleri, olaryň öwrenen zatlaryny dilden beýan ediş ukybynyň ösmegi, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmekleri üçin okuw gollanmalaryndan, görkezme esbaplaryndan başga-da, multimedia tagtasyndan giňişleýin peýdalanýarys. Onuň kömegi bilen her bir geçilýän sapagy interaktiw usulda guramaga, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwretmekde lingafon otaglaryndan peýdalanmaga uly mümkinçilik bar. Tema degişli taýýarlanylan slaýdlaryň suratlaryň ýa-da dürli sazlaryň, aýdymlaryň kömegi bilen berilmegi okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär.

 Häzirki wagtda iňlis dilini öwretmegiň usullary barha kämilleşýär. Esasan hem, multimedia tagtalarynyň hem-de lingofonlaryň kömegi bilen iňlis dilini öwretmek ýeňilleşdirilýär. Bu bolsa okuwçylaryň sözleri ýatda saklamaklaryna, diliň aýratynlyklaryna tiz düşünmeklerine oňat ýardam edýär. Multimedia tagtasynda başlangyç synplaryň kabul edijiligine laýyklykda sesleri, sözleri, ýaňyltmaçlary hem-de goşgulary ýazyp, onuň türkmen dilindäki terjimesini hem görkezip bolýar. Bu olaryň sözleri dogry okamagyna, olary tiz ýat tutmagyna we manysyna düşünmegine kömek edýär, şeýle-de gören zatlaryny ýatda saklamagyny aňsatlaşdyrýar. Lingafon otaglarynda okuwçylar sözleri diňlemäge mümkinçilik alýarlar, olaryň dogry we dürs aýdylyşyny öwrenýärler, şeýle-de orfoepiýa kadalaryny tiz özleşdirýärler. Iňlis dilindäki sözlemleri diňlemek we olary aýtmak bilen, çagalar sözleri baglanyşdyrmagyň, fonetiki düzgünlere görä sesleriň dürs aýdylyşyny, iňlis dilinde pikirini beýan etmegiň ugurlaryny öwrenýärler.

 Okuwçylaryň sesleri dogry aýdyp, dogry sözlemekleri üçin iňlis dilindäki ertekileri okatmagy ýola goýmak hem netijeli usullaryň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin hem başlangyç synp okuwçylarynyň diňe harplary bilmeklerini däl-de, eýsem, olaryň labyzly okamak başarnyklaryny hem ösdürmäge çalyşýarys. Başlangyç synplarda köplenç çalyşmalar, sanlar, reňkler, sypatlar, atlar we işlikler ýaly temalara degişli sapaklar guralýar. Şonuň üçin-de, her bir tema degişli fonetik türgenleşme üçin ýörite sesleri özünde jemleýän goşgudyr ýaňyltmaçlary taýýarlaýarys. Ýaňyltmaçlar aýdylanda okuwçylaryň dili endik edýär, ýaňyltmajyň sözleriniň täsindigi olara gyzykly bolup, ony höwes bilen ýat tutýarlar.

 Okuwçylaryň daşary ýurt dilinde okamak, gürlemek, diňläp düşünmegini gazanmak, sözleýiş endiklerini kämilleşdirmek ýaly başarnyklaryny ösdürmekde olara ýörite ýumuşlary ýerine ýetirmegi tabşyrmak mümkin. Sapakda tekstler bilen işlemek, tekstlerdäki dil birlikleriniň ulanylyş aýratynlyklaryny öwretmek, stilistik serişdelerini seljermek we derňemek hem täsirli bolýar. Şunda okuwçylaryň iňlis dilinde eşidiş we sözleýiş kadalaryny berjaý edişlerine üns berýäris.

 Çagalara daşary ýurt dilleri öwredilende olaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak zerur bolup durýar, sebäbi olar özlerine nätanyş bolan sözleri, sözlemleri eşidýärler. Şonda olaryň ünsüni sapaga çekmekde, olarda dil öwrenmäge bolan höwesi artdyrmakda dürli oýunlardan hem peýdalanmak netijeli bolýar. Bu bolsa olarda öwrenýän diline bolan gyzyklanmanyň artmagyna, olaryň oýunlar arkaly sözleri aňsat ýat tutmaklaryna ýardam berýär. Çagalar oýunlar arkaly özlerine berlen ýumuşlary hem uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.

Jemal SEÝIDOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.02.2023

Tmpedagog