08.02.2023 Pedagogika259 .

Edebiýat sapagynda edebi eserleri okatmak


Her bir ýurduň ösüşi ylym-bi lim ul gamy nyň ösüşi bilen kes git le nil ýär. Şonuň üçin eziz Watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli üstünlikli işler alnyp barylýar. Peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky taýsyz tagallalary biziň her birimizi buýsandyrýar. Biz—mugallymlar hem her bir sapagyň täsirli bolmagyny gazanmakda dürli usullardan ýerlikli peýdalanýarys.

 Bilşimiz ýaly, türkmen dili we edebiýaty sapagy çagalara ene dilimizi çuňňur öwretmekde, olara bilim bermek bilen bir hatarda, asylly terbiýe bermekde aýratyn orna eýedir. Edebiýat sapagynda geçilýän her bir temada ýaş nesle görelde alarlyk, terbiýe mekdebi bolan şahsyýetler, olaryň durmuş ýollary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Sapakda gürrüňi edilýän wakalar okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Şeýe-de olara geçilen tema barada gürrüň berdirilende öz pikirini doly we dogry beýan etmäge bolan ukyp-başarnyklary artmaga başlaýar. Kitapda berlen teksti okatmak bolsa, sözleýşiniň kämilleşmegine itergi berýär. Çeper eserler arkaly öňe sürülýän pikirler ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär, durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna, kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine itergi berýär. Okuwçylar bu dersiň üsti bilen öz ene dilleriniň aýratynlyklaryny, söz baýlygynyň çeper beýan edilişini, grammatikanyň kadalaryny özleşdirýärler. Sapagyň täsirliligini gazanmakda olara okuw gollanmasyndan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan, internetde, gazet-žurnallarda çap edilýän maglumatlardan peýdalanyp, gürrüňbermek özüniň oňat netijesini berýär.

 Mysal üçin, 8-nji synp okuwçylary bilen edebiýat dersinde türkmen halk döredijiliginiň dessanlar görnüşi barada sapaklar guralýar. Şunda okuwçylara «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary, «Şasenem—Garyp», «Hüýrlukga— Hemra» dessanlary barada maglumatlar berilýär. Okuwçylara bular dogrusynda gürrüň berlende dessanlaryň, şadessanlaryň türkmen medeniýetiniň gymmatly hazynalarynyň biridigini düşündirýäris. «Gorkut ata» şadessany pähim-paýhasy, batyrlygy, eder menligi wasp edýän bolsa, «Görogly» şadessanynyň watançylygy, agzybirligi, gahrymançylygy, milliligi giňden açyp görkezýändigini aýdýarys. Bularyň türkmen halkynyň milli eserleri bolup, nesilden-nesle geçip gelýändigini gürrüň berýäris. Şunda watançylyk temasynyň aýratyn many-mazmuna eýe bolýandygyny nygtap geçýäris. Okuwçylara bu temalaryň üsti bilen Watan düşünjesi, onuň mukaddesligi baradaky pikirler hem berilýär.

 Geçilen tema boýunça okuwçylaryň arasynda sowal-jogap alyşmak ýa-da olara gürrüň berdirmek hem täsirli bolup durýar. Guralýan her bir sapak ýaş nesilde ýagşygylyk häsiýetleri terbiýeleýär, türk men halkyna mahsus bolan millilikleri öwrenmeklerine ýardam berýär. Dessanlar, şadessanlar barada gürrüň bermek, olaryň many-mazmunyny giňişleýin beýan etmek okuwçylara netijeli bilim, asylly terbiýe bermekde möhüm ähmiýete eýedir. Olar halkyň ruhy baýlygy bolmak bilen bir hatarda, milli däp-dessurlary, urp-adatlary, ilatyň durmuş şertlerini, özboluşly aýratynlyklaryny giňişleýin beýan edýän edebi ýadygärliklerdir. Şeýle-de ýaş nesli watançylyk, merdanalyk, halallyk, dost-doganlyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.

Akbäbek GARAÝEWA,
Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.02.2023

Tmpedagog