05.02.2023 Pedagogika248 .

Mugallymyň özbaşdak bilim almagy we onuň ähmiýeti


Bu meseläni ylmy nukdaýnazardan öwrenmek, seljermek üçin özbaşdak bilim almagyň ösüşi hakynda gürrüň etmek maksada laýyk bolsa gerek. Jemgyýetiň ösüşi bilen baglanyşyklylykda, özbaşdak bilim almagyň dowam edendigine taryh ynandyryjy şaýatdyr.

 Özbaşdak bilim almak her bir halkyň taryhynda mynasyp orun tutýar. Şu nukdaýnazardan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, halkyň aň düşünjesiniň, däp-dessurlarynyň, ahlak gatnaşyklarynyň ösüş derejesini ýazyp beýan etmek, onuň biziň günlerimize çenli gelip ýetmegine mümkinçilik döretmek has paýhasly aň-bilim ýaýradyjylaryň işidir. Meselem, gadymy mirasymyz «Gorkut ata»,

 «Kowusnama», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseri, nusgawylyk edebiýatyň wekilleriniň döredijiligi we olaryň döremegi, şol adamlaryň özbaşdak bilim almagynyň aýdyň nusgasydyr.

 Özbaşdak okap bilim almagyň hem birnäçe ýollary bar. Olaryň her birini aýratynlykda öwrenmek, ýerine ýetirmek endiklerine eýe bolmak, ýola goýmak göz öňünde tutulmaýar.

 Biz bu mesele boýunça sorag-jogap geçiren mugallymlarymyz, talyplar bilen aşakdaky meseleleri anyklamagy göz öňünde tutduk:

1.Öz-özüňi tanamak, temperamentiňi, ýadyňy, ünsüňi, pikirlenmek, göz öňüne getirmek ukybyňy barlamak;

2.Öz-özüňe maksat goýmak, maksada ýetmek ugrunda hereket etmek;

3.Öňde goýan maksadyňa ýetmekde duş gelýän kynçylyklary ýeňmäge erk etmek, duýgularyňa buýurmak;

4.Öz-özüňe gözegçilik etmek, barlap durmak, baha bermek;

5.Öz-özüňi ruhlandyrmak, göwnüçökgünlikden, sussupeslikden çykmaga çalyşmak;

6.Öz-özüňi tankytlamagy başarmak;

7.Öz-özüňi rahatlandyrmak, köşeşdirmek;

8.Öz-özüňe wezipe, borç goýmagy başarmak.

 Bu meselelere düşünmek we ýerine ýetirmek barada pikir ýöretmekden soň, her biri hakynda aşakdaky pikirleri, ýörelgeleri maslahat bermegi makul bildik. Sebäbi, mugallymyň pedagogik kämillige ýetmegi üçin belli bir düşünjelere eýe bolmagy, maksadyny, borjuny, ýollaryny, serişdelerini anyklamagy zerur.

 Gynansak-da, ýokardaky soraglara doly düşünmeýänler, kembaha garaýanlar bar. Ähli pedagoglara özüňi terbiýelemek we özbaşdak okap bilim almak üçin şu aşakdaky maslahaty hödürleýäris.

Birinjiden, özüniň kimdigine, haýsy temperamente, psihiki proseslere eýedigiňe akyl ýetirmegi başarmaly. Bu bolsa psihologiýany, onuň prosesleriniň özünde nähili jemlenendigini bilmegiň zerur meseleleriniň biridir. Sebäbi ýadyň ösüşini bilmeseň, öz ýadyňy terbiýelemek mümkin bolmaz.

Ikinjiden, öz-özüňde halkyň, jemgyýetiň, geljekki nesilleriň we öz hususy işiň, ýaşaýşyň üçin bähbitli, peýdaly maksat goýup, şoňa ýetmek üçin meýilnamaly hereket etmegi başarmagyň zerurdyr.

Üçünjiden, şol maksat bolanda-da, öz duýgularyňa erk edip işe başlap bilmegiň, öz-özüňe buýruk berip bilmegi başarmak hökmandyr. Öz-özüňe buýruk bermek erk güýçlerini işe ugrukdyrmakdan başlanýar.

Dördünjiden, öz-özüňe gözegçilik edip, öz-özüňi barlap durmagy başarmaly. Öz-özüňe gözegçilik etmek «Bu günki işiňi ertire goýma» diýen dana pikire daýanmakdyr.

Bäşinjiden, öz-özüňi ruhlandyrmakdan, güýji tijemekden ybaratdyr. Öz-özüňi ruhlandyrmak, öz mümkinçilikleriňe daýanmaga-da, erk etmäge-de kömek berýär. Öz-özüňi ruhlandyrmak, öz keýpsizligiňi, iş ýakmazlygyňy, ýaltalygyňy ýeňmek bilen işi başarmakdyr. Adam öz hereketlerini oýlanyp alyp barmak barada çalyşmalydyr.

Altynjydan, öz-özüňi tankytlamagy başarmakdan ybaratdyr. Öz‑özüňi tankytlamak diýende, öz eden işiňi, aýdan sözüňi seljermäge, ýalňyşlyklaryňy ýüze çykarmaga, indiki işlerde we hereketlerde ol ýalňyşlyklary gaýtalamazlygyň ýollaryny bellemäge düşünýäris. Mugallymyň özbaşdak bilim almagynda, öz-özüni terbiýelemeginde öz-özüňi tankytlamak endiklerine we başarnyklaryna eýe bolmagy, öňe hereket etmegiň esasy güýjüne öwrülýär. Mugallym öz-özüňi terbiýelemek işinde özüňi tankytlamak üçin pedagogik, psihologik nazaryýeti hem-de gündelik durmuşyň tejribesini seljermegi, onuň gowy taraplarynyň özünde bardygyny ýa-da kemterligini ýüze çykaryp bilmegidir.

Ýedinjiden, öz-özüňi rahatlandyryp, öz işiňe kanagatlanyp bilmek başarnygyndan ybaratdyr. Bu ýagdaý öz öňünde haýsydyr bir çylşyrymly işi uzak maksatly öňde goýmak bilen şoňa basgançaklaýyn çykmaga hereket etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýerine ýetirilen işleriň hili, mukdary boýunça wagt bilen baglanyşykly netije çykarmakdan, üstünligine şatlanmagy başarmakdan ybaratdyr.

Sekizinjiden, öz öňünde borç goýmak diýen düşünje bilen berk baglanyşyklydyr. Borçlulyk duýgusynyň terbiýelenmeginde her bir şahsyýetiň özboluşly aýratynlyklary ýüze çykýar. Borçlulyk mugallymçylyk hünärinde beýleki hünärdäkilere seredende, has ýokary derjede durýar. Mugallym halkyň öňündäki borjuny, geljekki nesliň bilimine, terbiýesine jogapkärçilik duýanlygyny özüniň işi, hereketi bilen utgaşdyrýar.

Netijede, mugallymyň özbaşdak bilim almagynyň, öz-özüni terbiýelemeginiň talaplary, şertleri, görnüşleri, ýollary amaly işiň okuw‑terbiýeçilik işinde mugallymyň nazary kämilliginiň ýokarlanmagyna aýgytly täsir edýän şertlerdir.


“Mugallymçylyk ussatlygy”,
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat–2012. Sahypa: 39-42.



Tmpedagog