03.02.2023 Pedagogika117 .

Çagalarda tebigata söýgi döretmegiň usulyýeti


 Mälim bolşy ýaly, körpeler tebigatyň gözelliklerini çalt duýmaga, ondan lezzet almaga ukyply bolýarlar. Ajaýyp tebigat bolsa olaryň akyl taýdan ösüşini ýokarlandyrmaga, gözellik babatdaky duýgularyny ösdürmäge oňyn täsirini ýetirýär.

 Ýeri gelende bellesek, mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy bütindünýä möçberinde wajyp meseläniň – ösüp gelýän ýaş nesliň daşky gurşawy goramak boýunça ekologik taýdan sowatlylygynyň binýady bolup hyzmat edýär.

 Çagalar baglarynda körpe çagalara daşky gurşawy goramagy ündemek, öwretmek işi pederlerimiziň akyl akabasyndan, durmuş tejribesinden kemala gelen milli häsiýetdäki ýol-ýörelgeleri hem-de häzirki ajaýyp döwrümiziň daşky gurşawy goramak baradaky alnyp barylýan syýasatdan ugur alýar. Şeýle sazlaşyk we oňyn başlangyç esasynda ýurdumyzyň ertiriniň eýeleri hasaplanylýan ýaşlarda tebigy baýlyklarymyza aýawly göz bilen garamak, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak hakyndaky berk binýatly düşünje kemala getirilýär.

 Bu babatdaky sapagyň usulyýetiniň baý, mazmun taýdan ýokary hilli bolmagy möhüm şertdir. Terbiýeçi daş-töweregi gurşap alan zatlar barada sözleýiş usullaryny (eser okap bermek, gürrüň bermek), okatmagyň işjeň usullaryny ulanmak arkaly toparyndaky çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä sadaja düşünjeler berip, tebigat bilen tanyşdyrmaly. Bakja to¬parlaryndan başlanylyp berilýän düşünjeler kiçi, orta, uly, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda kämilleşdirilmeli, çuňlaşdyrylmaly. Esasy maksat çagalaryň tebigat bilen durmuşyň aýrylmaz baglydygyna bolan garaýyşlaryny ösdürmek, ekologik terbiýäniň özenini düzmek bilen baglydyr.

 Bu babatdaky sapagyň usulyýetini gezelençler arkaly hem baýlaşdyrmak mümkindir. Topar otagynda tebigat burçyny döretmegiň, zähmet işi bilen bagly guramaçylygyň hem bu ugurdaky usulyýetiň hil we mazmun taýdan üstüni ýetirýändigini bellemek gerek.

 Şeýle hem çagalar baglarynda köreplere bu ugurda berilýän ilkinji düşünjeler olaryň mekdep okuwyna taýýarlykly gelme¬gine hem ýardam edýär. Mekdep döwründe geçilýän tebigy ugurly bilimlere degişli bolan dersleri talabalaýyk özleşdirip bilmekli¬ge berk binýat goýýar.

 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalarda türkmen tebigatyna bolan buýsanç duýgularyny, tebigata we ata Watana bolan söýgini döretmekde uly mümkinçilikler bar. Eziz Diýarda nesil terbiýesinde we bilim işinde toplanan baý tejribelere daýanyp ösüp gelýän ýaş nesilleri watançy, daş-töwregine we tebigatyna wepaly edip ýetişdirmek bolsa bilim-terbiýeçilik işgärleri üçin mukaddes borçdur.

Ženet Dawronowa,
Sakarçäge etrabyndaky
14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



Tmpedagog