03.01.2023 Pedagogika197

«...HER KIMSÄNI HYDYR BIL!»


«Paýhas çeşmesi» kitabynyň 422-nji sahypasynda «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil!» diýlen jümle bar. Halk arasynda bu atalar sözüniň döreýşi barada şeýle gürrüň aýdylýar: — Bir ýigit: «Çölde Hydyr ata duşýarmyş» diýip, bir meşik suwy alyp, çöle ugrapdyr. Öz ýanyndan: «Çölde Hydyr ata suwbereýin, alkyş alaýyn» diýip, göwün ýüwürdipdir. Barýarka, öňünden peşeneli bir ýaşuly çykypdyr. Ol: «Inim, meşigiňde suw bar bolarly, halys ganym gatady, bir owurt suw bersene!» diýipdir. Ol ýigit: «Men bu suwy Hydyr ata alyp barýan, ýoldan goýma ýaşuly!» diýip, gözüni-gaşyny çytyp geçip gidiberipdir. Ýigit biraz ýöräp yzyna öwrülipdir welin, ýaňky ak sakgal gözden gaýyp bolupdyr. Şol wagt asmandan: «Suwsuzlykda suw bermeseň, çölde Hydyr neýlesin?» diýen owaz gelipdir. Ýigit ýalňyşyna düşünip: «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil!» diýip, ahmyr çekipdir.

Taýýarlan Jeren AGAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary", 2022-nji ýylyň 15-nji dekabry

Tmpedagog