Çagalar bagy bilen mekdep işiniň arabaglanyşygy
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tejribesinde çagalar bagy bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşyga uly orun degişlidir.
Mugallymlaryň çagalar baglaryndaky mekdebe taýýarlaýyş toparynyň işleri, çagalaryň bilim derejeleri we ukyp-başarnyklary bilen tanyşmagy, çagalar baglarynda geçilýän sapaklara gatnaşmagy, okuw ýylynyň başynda we ahyrynda mekdebe taýýarlaýyş toparyň çagalaryny synlamagy, olaryň käbirleri bilen söhbetdeşlik guramagy, mekdebe taýýarlaýyş toparyň işiniň alnyp barlyşy baradaky geçirilýän maslahatlara gatnaşmagy işiň maksadalaýyk we ýokary netijeliligi bolmagyna getirýär.
Terbiýeçileriň hem öz gezeginde öz sowat beren we terbiýelän çagalaryny okuwyň ilkinji aýlarynda synlamagy olaryň täze topara ýagny mekdep synpyna nähili öwrenişýändigini, 1-nji synpyň okuw meýilnamasyny nähili özleşdirýändiklerini, olaryň kynçylyklara döz gelişleri we kämilleşýändikleri bilen tanyşmak üçin 1-nji synpyň ýetişigi boýunça geçirilýän maslahata gatnaşmagy maksadalaýykdyr. Şeýle-de terbiýeçiler mekdebiň talabyny öwrenmelidir hem-de öz işinde olardan ugur almalydyr.
Mekdebe taýýarlaýyş toparyndaky çagalaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyk okuw ýylynyň dowamynda alnyp barylmalydyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň çagalaryny mekdep durmuşy bilen ýeterlik tanyşdyrmak, olaryň mekdebe bolan söýgüsini, okuwa bolan höwesini artdyrmak hem-de göreldeli okuwçylara meňzemeklerini gazanmaklyk bolsa mekdebe taýýarlanýan çagalaryň mekdep baradaky ilkinji düşünjelerini giňeltmeklige ýardam edýär.
Mekdebe gezelençleri guramak, mekdebiň mirashanalaryna, kitaphanalaryna gitmek, mekdep bilen bilelikde açyk sapaklaryny we çäreleri geçirmek, çagalar bagynda öň terbiýelenen çagalar bilen we başlangyç mugallymlary bilen duşuşyklary guramak arkaly ýerine ýetirip bilner.
Umuman, orta mekdebiň we mekdebe çenli çagalar edarasynyň şular ýaly arabaglanyşygy iki bilim ojagynyň hem biri-birine düşünip iş alyp barmaklaryna we netijeli hyzmatdaşlykda işlemeklerine getirýär.
Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabyndaky “Bagtyýar nesil” atly
4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.