27.01.2023 Pedagogika111 .

Kämilleşmek pedagoglar üçin baş ýörelgedir


Alyp barýan işiniň görnüşine garamazdan bilim-terbiýeçilik işgäri diýen ada eýe bolan her bir pedagog özüni, hünär bilimini yzygiderli kämilleşdirmelidir.

 Bilim edaralarynyň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleri-terbiýeçiler hem hemişe döredijilikli işiň gözleginde, täze usulyýetiň teşnesinde, täze, anyk we öz wezipe durmuşyna peýdaly maglumatlary gaznmagyň ugrunda bolmalydyr. Terbiýeçi-pedagog diňe bir özini hünär taýdan kämilleşdirmän, ruhy-beden taýdan hem sagdyn bolmaly.

 Çagalar baglarynda guralýan okuw-terbiýeçilik işi diňe topar otagynda däl açyk meýdançada, basdyrmalarda, göwünaçmalarda, gezelençlerde we dürli oýunlarda hem sazlaşykly alnyp barylýar. Çagalara bolsa işjeňlik, hereketlilik mahsus. Şoňa göräde ýaş aýratynlyklaryna görä çagalar bilen esasan dürli görnüşli hereketli oýunlar oýnalýar. Gün tertibine laýyklykda geçirilýän ähli çärelere hem işjeňlik mahsus bolýar. Şonuň üçin hem terbiýeçiniň sagdynlygy, olaryň çagalary ruhlandyryjy, höweslendiriji hãsiýeti-ruhybelentligi hem zerurdyr.

 Döwrüñ ösmegi, milli bilim ulgamynyñ dünýä ülñüleri bilen aýakdaş gitýän zamanasynda terbiýeçi mugallymlaryñ täze tehnologiýalara erk etmek, sanly ulgamda sapaklary guramak endikleri hem yzygiderli baýlaşdyrylmaly. Döwrümiziñ nesilleriniñ zamanabap bilim-düşünjeli bolmagynda zerur bolan bu ugurdaky başarnyklarynyñ üstüni ýetirmek her bir bilim işgäri üçin hem möhümdir.

 Ýaş nesil gören zadyny tiz kabul etmäge, ululardan nusga almaga ukyply bolýar. Şonuñ üçin hem çagalaryñ arasynda bolýan pedagog öz terbiýesi, medeniýeti, gürleýişi, geýinişi taýdan hem nusgalyk bolmalydyr. Munuñ özi bilim işgäriniñ öz etikasynyñ we estetikasynyñ hem üstünde işlemegi unutmaly däldigini añladýar.

 Watana, il-halka, bagtyýar durmuşa söýgi döretmek bilim-terbiýeçilik işiniñ ileri tutulýan esasy wezipeleriniñ biridir. Bu wezipäni durmuşa geçirmek üçin bolsa pedagogyñ diñe bir sapaklaryñ temasy boýunça däl, syýasy taýdan hem sowatly, döwrebap düşünjeli bolmagy gerek. Şoña görä-de terbiýeçiler ýurdumyzda bolup geçýän täzelikleri öwrenmek, metbugat neşirlerini okamak, habarlar bilen tanyşmak, gollanmalardan peýdalanmak we olary netijeli dowam etmek ugrunda hem işjeñ bolmalydyr.

 Bilim işgärleriniñ taýýarlanylyşyndan başlap olaryñ tejribelikleri, işleýän döwürlerinde hem hünär kämilleşdiriliş okuwlarynyñ geçirilmegi bellärlikldir. Ýeri gelende bellesek, usuly-amaly maslahatlar, duşuşyklar, çäreler, bäsleşikler hem olaryñ hünär taýýarlygyny pugtalandyrmaga, tejribelerini baýlaşdyrmaga oñyn täsirlerini ýetirýär.

Gurbansoltan AKGAÝEWA,
Garagum etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň müdiri.



Tmpedagog