26.01.2023 Pedagogika185 .

Başlangyç synplarda oýunlardan peýdalanmak


Başlangyç synplarda oýunlar esasy orny eýeleýär. Çagalaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde, dil baýlygyny artdyrmakda dürli usullardan peýdalanýarys. Şunda, esasan iňlis dili sapaklarynda okuwçylaryň eşidiş we sözleýiş endiklerini ösdürmekde oýunlardan peýdalanmak täsirli bolýar. Sapakda oýunlary guramak çagalaryň çalt pikirlenmek endikleriniň, gyzyklanmalarynyň artmagyna, olaryň sapaga işjeň gatnaşmagyna oňaýly täsir edýär.

 Bilşimiz ýaly, oýunlaryň hem dürli görnüşleri bardyr. Mugallym şolardan öwredýän temasyna laýyklykda netijelisini saýlap almaly bolýar. Mysal üçin, «Kim köp tapdy?» oýny iňlis dili sapagynda okuwçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmakda örän täsirlidir. Bu oýunda mugallym geçilen harplara degişli sözler aýtmak boýunça synpy iki topara bölüp ýaryşdyrýar. Birinji topardan «Bb» harpa degişli sözi aýdan okuwçynyň yzyndan beýleki topardan bir okuwçy şol harpa degişli sözi ýa-da sözlemi aýdyp dowam edýär. Eger haýsy hem bolsa bir okuwçy şol sözi tapmasa, onda garşysyndaky topar ýeňiji diýlip yglan edilýär.

 Mundan başga-da, «Zynjyr» oýny okuwçylar yň höwes bilen ýerine ýetirýän oýun görnüşidir. Bu oýunda okuwçylar hatara düzülip, birbiriniň gulagyna mugallymyň aýdan sözüni ýetirýärler. Hataryň soňunda duran okuwçy şol sözi sesli aýdýar. Şol söz dogry gelip çyksa, olaryň sözi dogry eşidip, ony öz synpdaşlaryna dogry aýdandygyny aňladýar. Şeýlelikde, okuwçylaryň eşidiş hem-de sözleýiş endikleri ösdürilýär. «Bäşlikler» oýnunda hatarlar arasynda «Kim köp bäşlik alýar?!» diýip, mugallym okuwçylara ýüzlenýär. Bu oýunda okuwçylaryň ellerine haýwanlaryň, ösümlikleriň, okuw esbaplarynyň, awtoulaglaryň suratlary berilýär. Okuwçylar ellerindäki suratlaryň adyny aýdyp, näçe bogundan, näçe harpdan ybaratdygyny aýtmaly bolýar. Elindäki surata degişli berlen sowala dogry jogap beren okuwçy öňe çykarylýar we oňa bäşlik baha berilýär. Bu ulanylýan oýun usullar ynyň ählisiniň çagalaryň dogry sözlemeginde, pikirlenmeginde we olaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagynda uly ähmiýeti bardyr.

 Iňlis dili sapaklarynda okuw işiniň netijeli bolmagyny gazanmakda okuwçylaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen usullaryň we serişdeleriň ulanylmagy derwaýysdyr. Olaryň hatarynda aň-düşünje taýdan öz-özüni sazlamak maksady bilen guralýan oýunlaryň dürli görnüşlerini, goşgulary, nakyllary, atalar sözlerini peýdalanmak, sözleýiş edebini ulanmak, kynçylyklary seljermek ýaly işleri görkezmek bolar. Interaktiw usulda geçilýän sapaklaryň netijeliligi hasda ýokary bolup, okuwçylar diňlemek, görmek arkaly geçilýän temany gowy özleşdirýärler. Okuwçylar iňlis dilindäki sözleriň dogry aýdylyşyny diňläp, özleri hem ony gaýtalap kämilleşýärler. Şeýle-de mugallym sözlemleriň aýdylyşyny diňlemek arkaly sözlem gurluşyny ýatdan kesgitlemegi öwredýär. Hemme okuwçynyň dil öwrenmäge bolan ukyby birmeňzeş bolmaýar. Şunda, esasan, olaryň başarnygyna, ýatkeşligine, gyzyklanmasyna üns bermek gerek. Şonuň üçin hem mugallym olara gözegçilik edip durýar we olaryň aýratynlykda dil öwrenmäge bolan ukybyny kämilleşdirmäge çalyşýar. Munuň özi okuwçynyň özüne bolan ynamyny artdyryp, dili tiz özleşdirmegine ýardam berýär.

 Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdynruhly, daşary ýurt dillerini bilýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan ilýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jemal SEÝIDOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň mugallymy.

«Mugallymlar gazeti», 25.01.2023

Tmpedagog