19.02.2025 Pedagogika316

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmak


Dürli temalar boýunça sapaklar guralanda ulanylýan usullar çaganyň has-da işjeň häsiýetde bolmagyna getirýär. Munuň üçin mugallym ulanýan görkezme esbaplarynyň birnäçe görnüşlerini taýýarlamagy, şol bir görkezme esbaplaryny ulanman, eýsem, täze görnüşlerden peýdalanmagy özüne şert edinmeli. Özümiň okadýan başlangyç synp okuwçylarym bilen islendik sapaklarymda elde ýasalan, kompýuterlerde taýýarlanan, hatda, okuwçylarym bilen bilelikde taýýarlan görkezme esbaplarymy hem peýdalanýaryn. Munda çaganyň sapaga bolan işjeňligi has artýar.

Türkmen dilinden «Bir we iki bogunly sözleri düzdürmek» diýen temany geçenimde, çagalar bilen bilelikde taýýarlan görkezme esbaplarymdan peýdalandym. Okuwçylary temanyň şerti bilen tanyşdyrýaryn. Kompýuterlerde ýasan slaýd şekillerimizi multimedia tagtasynda bilelikde görýäris we okaýarys.

Okuwçylar slaýdlardaky iki bogunly sözleri bilelikde gaýtalaýarlar. Soňra olara temanyň has düşnükli bolmagy üçin, iki sany okuwçyny synp tagtasyna geçirýärin. Olaryň birine bir bogunly sözleri, beýlekisine bolsa iki bogunly sözleri ýazmaklaryny tabşyrýaryn. Oturan okuwçylara hem on sany bir bogunly, on sany iki bogunly sözleri depderlerine dogry, ýalňyşsyz ýazmaklaryny tabşyrýaryn. Okuwçylar berlen ýumşy ýerine ýetirenlerinden soňra, synpda depderlerini ýüzugra barlap bahalandyrýaryn. Munuň üsti bilen okuwçylaryň temany nähili özleşdirendiklerine göz ýetirýärin.

Soňra okuwçylaryň ünsüni bogun bilen bagly bolan esasy bilmeli kesgitlemä gönükdirýärin. Sözleriň setirden setire geçilende bogna bölünip geçirilýändigini olara düşündirýärin. Meselem: ke-lem, kelem-ler, kelemle-ri.

Sözüň setirde galýan böleginiň yzyndan çyzyjak (-) goýulýandygyny dürli mysallaryň üsti bilen düşündirýärin. Bir harpdan bolan bognuň setir ahyrynda galdyrylmaýandygyny we täze setire geçirilmeýändigini hem gönükmeler işlenende öwredýärin. Sapagyň ahyrynda işjeň gatnaşan okuwçylarymy bahalandyrýaryn.

Ogulgerek BÄŞGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
134-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 19.02.2025

Tmpedagog