12.02.2025 Pedagogika348

Körpeleriň sözleýşini ösdürmek sapagyny guramak


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesiller hakynda uly aladalar edilýär, bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, döwrebap bilim öwretmekde gollanma bolup durýar. Bu Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, döwrebap işleri ýola goýmagyň aýdyň ugurlary kesgitlenilýär. Şunda mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmäge, mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin mekdebe çenli bilimiň elýeterliligini we bäş ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge uly üns berilýär.

Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňünde goýýan esasy maksatlaryň biri-de çagany hemmetaraplaýyn mekdebe taýýarlamakdyr. Şol sebäpli hem, mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim orta bilimiň ilkinji basgançagy bolup durýar. Her bir çaganyň mekdebe baranda beden, durmuşy we ruhy-ahlak taýdan ösen bolmagy, mekdebe hemmetaraplaýyn taýýar bolmagy ilkinji zerur şertleriň biridir.

Mekdebe çenli döwürde çagalaryň sesleri dogry aýdyp bilmek, söz goruny ýaşyna görä baýlaşdyrmak, baglanyşykly sözleýşini ösdürmek we sözdür sözlemleri dogry aýtmak endiklerini ösdürmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlarynyň we terbiýeçileriniň esasy maksady bolup durýar.

Ýöriteleşdirilen çagalar bagyndaky we toparlardaky çagalaryň adaty, mekdebe çenli ýaşly çagalar bagyndaky çagalardan tapawutlylykda, olaryň söz baýlygy çäkli bolýar. Olaryň baglanyşykly sözleýşi ýeterlik derejede ösmedik bolýar. Sözleýşiň grammatik taýdan gurluşy, ses taýdan aýdyşy bozulan bolýar. Görüş, eşidiş ünslüligi, ýatkeşligi, pikirlenişi, eliniň ownuk hereketi, umumy hereketi ýeterlik derejede kämil däldir. Düzediş işlerini amala aşyrmak her bir terbiýeçiniň we dil düzediş mugallymynyň paýyna düşýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýöriteleşdirilen toparlarynda dil düzediş sapaklary düzediş işiniň esasy bolup durýar. Onda ösüşiň ähli ugurlary ösdürilip, mekdebe taýýarlanylýar.

Mekdebe ilkinji gadam basan çagalar, okuw maksatnamasyna laýyklykda, dürli dersler boýunça bilim alyp başlaýarlar. Şonda käbir çagalar okamakda we ýazmakda kynçylyk çekýärler. Çagalar mekdepde kynçylyk çekmez ýaly, çagalar baglarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparyna gatnaýan çagalar bilen ýokarda sanalyp geçilen ugurlar boýunça (sesleri dogry aýtmak, söz goruny baýlaşdyrmak we ş.m.) birnäçe usuly işleri guramak zerurdyr. Şol geçirilýän işleriň çagalaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähmiýeti uludyr.

Ýörite düzülen okuw maksatnamasyna laýyklykda, sözleýiş ýagdaýy çäkli bolan çagalaryň söz goruny artdyrmak, dogry aýdyp bilýän sesleri esasynda sowat öwredilýär. Sowat öwretmek sapagynda bolsa çagalar çekimli we çekimsiz sesleri tapawutlandyrmagy, çekimli, çekimsiz sesleri, bularyň ýogyn we inçe sazlaşygyny öwrenýärler. Şeýle hem dymyk we açyk çekimsiz sesleri artikulýasiýasynyň orny boýunça tapawutlandyryp bilýärler. Çagalara sapakda sesi harpdan tapawutlandyrmak, bir-iki bogunly sözleri ses taýdan derňemek, harplardan bogun, söz düzüp, okap bilmek, sözleme düşünmek, sözlemde sözleriň sanyny bilmek başarnyklary öwredilýär.

Sowat öwretmek sapagynda geçilýän sesler we harplar çaganyň dogry aýdyp bilýän sesleri esasynda düzülýär. Şoňa esaslanyp, sowat öwretmek sapagynyň guralyşyny «Hh» sesi we harpy mysalynda beýan etmegi makul bildik.

Guramaçylyk döwründe dil düzediş mugallymy çagalara adyny we başynda eşidilýän sesi aýtdyryp biler. Soňra çagalara içinde «Hh» sesi we harpy bolan sözlere ünsi çekmek maksady bilen hekaýa, erteki gürrüň berip bolar. Meselem: — Çagalar, geliň, şu günki sowat öwretmek sapagynda gyzyklyja hekaýany diňläliň. Hüwi atly bir guşjagaz jadyly tokaýlykda ýaşaýar eken. Günleriň bir güni onuň başyndan bir waka bolup geçipdir. Ol dostlaryna seretmek üçin bir uly agajyň depesine çykypdyr. Birden güýçli şemal öwsüp, guşjagazy uzaklara äkidipdir. Şeýdip, ol biziň çagalar bagymyzyň agaçlarynyň birinde peýda bolupdyr. Ol şahada oturyşyna öýüne nädip gaýtjagyny pikirlenipdir. Birden onuň gözi agajyň şahasynda asylgy duran horjuna düşüpdir. Bilesigeliji hüwi guşjagazy: «Näme gowy zat barka» diýip, horjuna seretse, içinde öýüne gaýtmagyna kömek edip biljek gyzykly ýumuşlar bar eken. Çagalar, geliň, hüwi guşjagazyna kömek edeliň?

Sapagyň dowamyny soraglar bilen utgaşdyrýaryn. Meselem: sesler harplardan näme bilen tapawutlanýarlar? Nähili sesler bar? Çekimli sesler nähili bolýar? Ýogyn çekimli sesleri kim aýdyp berýär? Inçe çekimli sesleri kim aýdyp berýär?

Soňra synp tagtasynda setir harp bilen haýsy sözleriň ýazylandygyny soraýaryn we mysallara ýüzlenýärin: hek, haly, hoz, horjun, horaz, hurma, halta...

«Bogunly garjagazlar» oýnunda çagalar garjagazlarda «h» harpy bilen ýazylan bogunlary okap berýärler (ha, ho, ah, uh...).

Soňra çagalara «haly» sözüni ses taýdan we harp taýdan derňedýärin.

«Sözlemi gutar!» oýnunda çagalardan ýazylan sözlemden haýsy sözüň galandygyny soraýaryn, sözlemiň shemasyny goýýaryn. Meselem:

(Ahmet haty _______.)
Çagalar habar, sorag, ýüzlenme soraglaryny düzüp, okap berýärler.
«Ahmet haty aldy.»
«Ahmet haty okadymy?»
«Ahmet, haty al!»

Sapagyň ahyrynda täze temany sorag-jogap arkaly berkidýärin. Soňra sapaga işjeň gatnaşan çagalary höweslendiriji sowgatjyklar bilen tapawutlandyrýaryn.

Sözleýiş ösüşi çäkli bolan çagalara sowat öwretmek sapagynda doly elipbiý boýunça okatmak umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpy üçin taýýarlykly bolmaklaryna ýardam edýär.

Almagül HALJANOWA,
Aşgabat şäherindäki 18-nji çagalar bagynyň dil düzediş mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 12.02.2025

Tmpedagog