Sapagyň netijeliligi gazanylýar
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň göwrümli işler amala aşyrylýar. Şu asylly maksada ýetmekde, ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde mekdepde guralýan sapaklaryň, geçilýän temalaryň täsirli bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Bu iş mugallymlardan sapagyna döredijilikli çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin okuw işimde okatmagyň işjeň (interaktiw) usulyndan netijeli peýdalanýaryn, dersara baglanyşyga ähmiýet berýärin. Munuň özi sapagyň täsirli bolmagyny, temanyň okuwçylar tarapyndan oňat özleşdirilmegini üpjün edýär.
6-njy synplarda geografiýa dersinde «Ýeriň gurluşy» diýen tema bir okuw sagady berilýär. Ýaşaýan ýerimiziň gurluşyny bilmek okuwçylar üçin gyzykly bolup durýar. Şu gyzyklanmany nazara alyp, bu temany geçenimde, interaktiw usullardan, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden, utgaşdyryp okatmak usulyndan peýdalanyp, okuwçylara tema degişli maglumatlary öwredýärin. Sapakda, ilkinji nobatda, okuwçylara alymlary Ýeriň gurluşynyň we gelip çykyşynyň gadymdan bäri gyzyklandyrandygyny, soňra ylmyň we tehnikanyň ösmegi netijesinde, olara Ýeriň gurluşyny öwrenmegi başardandygyny aýdýaryn. Şeýle-de sapakda alymlaryň Ýeriň gurluşy boýunça üç gatlagy — ýer gabygy, mantiýa, ýadro bölendiklerini, olaryň galyňlygy baradaky maglumatlary aýdýaryn.
Temanyň kitapda beýan edilen mazmunyny öwredenimden soň, temany düşündirmegiň utgaşdyrma usulyna geçýärin. Şonda Ýeriň gurluş aýratynlygyna tebigatda haýsy zadyň gabat gelýändigini, ýagny ýakynlygyny, meňzeşligini nazara almak gerek. Meselem, Ýeriň içki gurluşy bilen şetdaly miwesiniň gurluşynyň arasynda meňzeşligiň bardygy hakynda düşündiriş berýärin. Muňa okuwçylaryň ünsüni çekmek üçin multimedia tagtasyna suratlary çykarýaryn we temany biologiýa dersinde öwrenilýän şetdalynyň gurluşyna esaslanyp gürrüň berýärin.
Ýeriň içki gurluşy barada düşünje berenimden soň, temanyň okuwçylar üçin has gyzykly bolmagyny gazanmak maksady bilen globusdan peýdalanyp, Ýeriň üstki gurluşyny öwretmäge girişýärin. Şonda, ilki bilen, Ýeriň üstüniň gury ýere we ummana bölünýändigini, umman suwlarynyň göwrüminiň gury ýere garanyňda üç esse köpdügini aýdýaryn. Bu maglumaty beýan edenimde, temany edebiýat dersi bilen baglanyşdyrýaryn. Şonda Magtymguly Pyragynyň: «Üç essesi däli derýa. Bir esse ýerde müň gowga» diýen goşgy setirleriniň manysyna okuwçylaryň ünsi çekýärin. Şunda Ýer şarynyň dörtden üç böleginiň suwdugyny, dörtden bir böleginiň gury ýerdigini düşündirýärin.
Sapakda ýokarda atlandyrylan tema geçilende, okuwçylaryň okan, öwrenen maglumatlaryny berkitmek üçin olar bilen sorag-jogap alşylsa, şeýle hem toparlar arasynda bäsleşik guralsa, netijeli, ýatda galyjy bolýar. Munuň üçin synpyň okuwçylaryny üç topara bölýärin. Soňra multimedia tagtasynda «Sanlar bijesi» ady bilen temanyň san maglumatlaryny çykarýaryn. Meselem: 510, 149, 361 3000, 300-950, 35-45, 35-300, 70-250, 5-70. Sanlaryň aşagyndan multimedia tagtany onuň galamynyň kömegi bilen üçe bölüp, toparlaryň adyny ýazýaryn. Her topardan çykan okuwçy san maglumatynyň deňine degişli maglumaty ýazýar, ýagny 3000 kilometr mantiýanyň galyňlygy, 3500 kilometr ýadronyň galyňlygy. Her dogry jogaba bir bal belleýärin we ýeňiji topary kesgitleýärin.
Öýe ýumuş hökmünde okuwçylara tema degişli prezentasiýalary, slaýdlary taýýarlap gelmeklerini tabşyrýaryn. Bu işi ýerine ýetirmek üçin okuwçylar internet maglumatlaryndan, metbugat sahypalaryndan peýdalanýarlar. Bu bolsa olaryň temany köptaraplaýyn öwrenmeklerini, sanly tehnologiýalardan, metbugat materiallaryndan peýdalanmaklaryny has-da kämilleşdirýär. Öý işini tabşyranymdan soň, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylary adalatly bahalandyrýaryn.
Hanzada BAÝLYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.02.2025