22.01.2025 Pedagogika407

Çagalarda logiki pikirlenmegi ösdürmegiň ýollary


Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň logiki pikirlenmegini matematiki mazmunly ýumuşlaryň, oýunlaryň üsti bilen ösdürip bolýar. Logiki pikirlenmek dogabitdi zehin däldir. Logiki pikirlenmegi ösdürmek çagalar üçin zähmet hem-de okuw terbiýesidir. Sanlary hasaplamagy dürli oýunlaryň üsti bilen öwretmek öz oňyn netijesini berýär. Logiki pikirlenmek düşünjesi gös-göni duýmak bilen ýüze çykýar. Duýup bilmegiň esasynda görüp duran predmetleriniň arasyndaky gatnaşyklary we olaryň häsiýetlerini bildigiçe çaganyň aňy ösýär, gözellige düşünýär we matematiki düşünjeleri peýda bolýar. Logika we matematika biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Logika diňe matematika däl, eýsem, her bir ders bilen hem baglanyşyklydyr. Çagalaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açmagyň, logiki pikirlenmesini kemala getirmegiň, ösdürmegiň birnäçe tärlerine, usullaryna seredip geçeliň!


Logiki meseleler

Birnäçe meseleler müňýyllyklardan öň oýlanyp tapylsa-da, häzirki döwrümize çenli ähmiýetini ýitirmän gelýär. Olar köplenç, gyzykly ýumuş hökmünde hödürlenilýär. Mysal üçin, «Tangramlar», «Jadyly ýumurtga», «Mongol oýny» ýaly oýunlar bilen işlemek. Bu toplumlar bilen işlenilende dürli geometriki figuralardan şekiller ýasalýar.

Tangram — gadymy Hytaýdan gelen öwrediji oýun. Bäş sany gönüburçly üçburçluklardan (iki kiçi we üç uly ölçegli), bir kwadratdan we bir parallelogramdan ybarat bolup, bu böleklerden sanlary, harplary, adam şekillerini, haýwanlary, ösümlikleri, binalary we şuňa meňzeş 1600-den gowrak şekilleri döredip bolýar. Tangramlary düzmek bilen körpeleriň pikirleniş ukyplary ösýär.


Intellektual oýunlar

Çagalaryň dünýä akyl ýetirmegi üçin ulanylýan usuldyr. Çagalaryň domino, küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlar bilen meşgullanmagy olaryň pikirleniş ukybyny ösdürýär.


Grafiki çyzgylar

Bu ýumuşlar çagalaryň görüş, eşidiş ýadyny, elleriniň ownuk motorikasyny, ýagny eliň barmaklarynyň ownuk hereketlerini ösdürýär. Sapakda grafiki çyzgylaryň ulanylmagy çaga üçin has-da gyzykly ýumuşlaryň biridir. Grafiki çyzgylary öýjükli depderde hem, kompýuterde hem ýerine ýetirip bolýar.

• Garaja nokatdan başlap, 2 öýjük saga, 1 öýjük ýokary, 1 öýjük saga, 1 öýjük ýokary, 1 öýjük saga, 1 öýjük aşak, 1 öýjük çepe, 4 öýjük aşak, 5 öýjük saga, 1 öýjük ýokary, 2 öýjük ýokary gapdala, 2 öýjük aşak, 1 öýjük aşak gapdala... Şeýle görnüşde ýene-de garaja nokada barýança ýerine ýetirmeli.

• Bu şekil hem ýokarky şekildäki ýaly, gyzylja nokatdan başlap, öýjüklere görä ýerine ýetirilmeli.

Alymlaryň bellemegine görä, çaganyň akyl taýdan ösüşinde amaly işleriň ähmiýeti örän uludyr. Amaly işler alnyp barlanda çaganyň akyl ýetirmesi barlag-gözleg häsiýetine eýe bolup, berlen maglumatlary özleşdirip bilmegine şert döredýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri bilim bermek işinde okatmagyň innowasion usullaryndan, pedagogiki tehnologiýalardan we döwrebap okuw-tehniki serişdelerinden netijeli peýdalanyp, ylymly-bilimli, sagdyn nesilleriň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.

"Güneş" žurnaly, №1 - 2025

Tmpedagog