14.01.2025 Pedagogika66

Hünär sapaklaryny guramagyň usullary


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy.

Orta mekdeplerde okatmagyň möhletiniň halkara ölçeglerine laýyk getirilmegi okuwçylaryň bilimini artdyrmaga hem-de onuň düýpli özleşdirilmegine gönükdirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, umumybilim berýän orta mekdepleriň XI—XII synplarynda gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda) hünäri boýunça 2023 — 2024-nji okuw ýylyndan başlap, täze ders okadylyp başlandy. Bu täze hünär okuwyň esasy maksady umumybilim berýän orta mekdepleriň XI-XII synplarynyň okuwçylaryny syýahatçylygyň görnüşleri, onuň taryhy ýadygärlikleri, dynç alyş ýerleri we goraghanalary barada giň düşünje bermekdir. Maksatnamada gid-terjimeçi barada düşünje, gid-terjimeçiniň wezipeleri, gid-terjimeçiniň hünär häsiýetleri, ekskursiýa barada düşünje, ekskursiýa gezelençleriniň umumy aýratynlygy, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we şuňa meňzeş temalar bar.

Giriş sapagynda häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýändigine okuwçylaryň ünsüni çekmeli. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleriniň, baý milli däpleriniň we olaryň özboluşlylygynyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýandygy hakynda bellemeli.

Hünär sapagynda gadymy Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolan Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy bellenip geçilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen we türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy we gadymy taryhy ýerleri bolan Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanalary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şol gadymy ýadygärlikler bilen bagly rowaýatlar okuwçylarda uly täsir galdyrýar. Ondan başga-da, sapakda audirowaniýe usuly — uly bolmadyk ses ýazgydaky teksti diňledip terjime etmek usuly giňden ulanylýar. Bu usul okuwçylaryň söz baýlygyny hem-de terjimeçilik endiklerini ösdürmäge ýardam berýär.

Geçilýän temalar esasynda okuwçylar özleriniň taýýarlan çykyşlaryny we prezentasiýalaryny multimedia tagtasynda görkezip, «Gaýybana gezelenç» geçirýär. Bu okuwçylaryň özbaşdak maglumat toplamak, yzygider ýerleşdirmek, multimedia tehnologiýalaryny erkin ulanmak endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berýär hem-de gezelençleri guramagyň usullaryny işjeň görnüşde öwrenmäge ýardam edýär.

Geçilen temalary berkitmek hem-de okuwçylaryň bilimini barlamak we bahalandyrmak maksady bilen test alynýar. Onda geçilen temalary özünde jemleýän maglumatlaryň esasynda soragnama düzülýär. Her bir soragyň üç sany jogaby bar, olaryň haýsy hem bolsa biri dogry bolýar. Okuwçylar soraglary ünsli okap, dogry jogaplary saýlap bilmeli.

Aksoltan AŞYROWA,
Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.01.2025

Tmpedagog