25.01.2023 Pedagogika76 .

“Oýlanma”


Ýaş pedagog hökmünde üstünligiň gözbaşyny islegde görýärin. Isleg - islendik işi ýerine ýetirmek üçin gönezlik diýip hasaplaýaryn. Bir işi ýerine ýetirmek üçin oňa hökmany ýagdaýda ilki bilen isleg gerek, sebäbi söýgüsiz, islegsiz döredilen her bir zat oňyn netije bermeýär, işiň dowamlylygy çäklenýär.

 Isleg - elbetde adama bagly bolan zat, ýöne ony döretmek üçin käbir usullary ulansak, şol döremedik, ýok islegi döretmäge, ýa-da ýaňy dörän islegi has hem güýçlendirmäge kömek eder diýip pikir edýärin.

 Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda mahabatlandyrma biziň durmuşymyzda giň orun eýeleýär. Islendik zat almakçy bolanymyzda, onuň mahabatyna seredýäris, mahabatyň üsti bilen şol zady almaga bolan isleg bildirýäris. Hat-da, entek görmedik, ulanmadyk zatlarymyzy hem mahabatyň üsti bilen ulanyp, barlap görmekligi isleýaris. Şonuň ýaly, mugallym hem öz dersini, ylmyny, gowy şekilde, dogry ýolda, onuň görkezen netijeleri we geljekde görkezip biljek netijelerini mahabatlandyryp bilmegi başarsa, okuwçynyň aňynda derse, ylma, okamaklyga bolan islegi, hyjuwy artdyrar.

 Isleg döränden soň hökmany ýagdaýda maksat gerek. Maksat - biziň islegimiziň bir nokatdan beýleki nokada geçmegine täsir eder. Islegli, maksatly ýerine ýetirilen iş oňyn netije berer.

 Pikirlenmek, özbaşdak pikirlenmegi artdyrmak.

 Synpda näçe okuwçy bar bolsa, şonça-da pikir bolmaly. 1 okuwçy = 1 pikir. Okuwçylarda özbaşdak pikirlenip bilmek ukyplaryny artdyrmaly. Goý ýalňyş pikir bolsun, goý biderek pikir bolsun, ýöne her biriniň özbaşdak pikiri bolmaly. Pikirlenmek olara maksatlaryna ýetmek üçin ulag serişdesi bolup hyzmat eder.

Arzygül Bagyýewa,
Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.



Tmpedagog