Başlangyç synplarda matematika sapagy
Başlangyç synpdan başlap, okuwçylarda matematika sapagyna bolan höwesi döretmek möhümdir, sebäbi çaga matematikanyň üsti bilen beýnisiniň çalt hereketini, işjeň pikirlenmesini ösdürýär. Başlangyç synplarda öwredilýän hasaplamak endikleri ýokary synplarda has hem kämilleşýär. Başlangyç synp okuwçylaryna matematika dersi bilen baglanyşykly ilkinji düşünjeleri dogry bermek zerurdyr. Matematika sapaklarynda her bir okuwça onuň mümkinçiliklerine görä çemeleşmek zerurdyr, okuwça öz mümkinçiliklerinden agyr ýumuşlary tabşyrsaň, onuň sapaga bolan höwesiniň gaçmagy mümkin.
Başlangyç synplarda matematikadan her bir temanyň çagalar tarapyndan oňat özleşdirilmegi sapagyň oýunlar, görkezme esbaplar, aýratyn-da, häzirki zamanyň döwrebap serişdeleri arkaly guralmagyna baglydyr. Multimedia tagtadan peýdalanyp geçilýän sapaklar okuwçynyň bilesigelijiligini artdyrýar, pikirleniş ukyplaryny ösdürýär, okamaga bolan höwesi döredýär. Çagalaryň geçilýän tema içgin düşünmegine, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşmegine, döredijilik başarnyklarynyň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini çaltlandyrýar.
Sapakda multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanmak mugallyma birnäçe artykmaçlyklary berip biler. Bu usulda mugallym sapagy düşündirmäge sarp edýän wagtyny tygşytlaýar, şeýle-de ol döredijilikli işläp, zerur bolan maglumatlary amatly usul bilen okuwçylara ýetirip bilýär. Sapakda şol bir wagtda köp sanly görkezme esbaplaryny ulanmaga mümkinçilik döreýär. Netijede, sapagyň hili, täsirliligi ýokarlanýar.
Men hem öz guraýan sapaklarymda multimedia tagtasynyň mümkinçiliklerinden döredijilikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Öwrediji häsiýetde oýunlary guraýaryn, prezentasiýalardan, pikirlenmäge degişli dürli ýumuşlardan peýdalanýaryn. Oýun amaly pikirlenmäniň bir görnüşidir. Çaga oýunda öz düşünjesi, täsirlenmesi esasynda hereket edýär. Taýýarlaýan slaýdlarymda suratlary multfilmlerden, ertekilerden, çagalaryň daş-töwerekdäki görýän wakalaryndan almaga çalyşýaryn. Bu bolsa çagalaryň sapaga bolan gyzyklanmasynyň artmagyna kömek edýär. Çagalara tabşyrýan ýumuşlarymy dürli erteki gahrymanlarynyň üsti bilen bermäge çalyşýaryn, ýagny «Böwenjigiň soraglaryna jogap beriň!», «Akpamyga kömek edeliň!» ýaly guralýan oýunlar sapagyň täsirliligini artdyrýar.
«Kim çalasyn?» oýny çagalaryň uly höwes bilen oýnaýan oýunlarynyň biridir. Bu oýun çagalaryň ýatdan çalt hasaplamak endiklerini ösdürmäge kömek edýär.
Ýazmaça soragnamalardan başga-da, multimedia tagtasynda gysga wagtyň içinde çagalaryň bilim derejelerini barlamak maksady bilen, owadan reňkli suratly slaýdlar arkaly ýatdan görkezilip çözülýän barlagnamalaryň hem ähmiýeti uludyr.
Orazsoltan TOÝGULYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 24.12.2024