Nusgawy edebiýaty öwretmek
Häzirki döwürde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda okatmagyň iň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olara kämil bilim öwretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda türkmen dili we edebiýat sapaklarynyň hem uly ähmiýeti bar. Esasan hem, çeper edebiýat ýaşlara ynsanperwerligi, milli gymmatlyklary çuňňur öwredýär. Şonuň üçin milli ýörelgeler çeper edebiýatda aýdyň beýan edilýär. Edebiýat sapagynda milli ýörelgelerimiz hakynda beýan etmek, okuwçylara bu barada düşünje bermek esasy ugur bolup durýar. Bu barada okuwçylara nusgawy edebiýata degişli bolan goşgulary, dessanlary okamagy wagyz edýäris. Şunda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri aýratyn ähmiýetlidir, çünki bu eserde ata-ene sarpasy, ylym öwrenmek giňişleýin beýan edilýär.
«Wagzy-Azat» eserinde edep-terbiýe mazmunly pikirlere köp duşmak bolýar. Şonuň üçin hem şeýle eserler ýaşlar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Agzybirlik, edep-terbiýe, ylym-bilim, halallyk ýaly häsiýetler Döwletmämmet Azadynyň bütin eseriniň özenini tutýar.
Sapagyň dowamynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň many-mazmunyny düşündirmek bilen, eseriň dört bapdan durýandygyny beýan edýärin. Esasan hem, bu dört babyň adyny multimedia tagtasynda ýörite slaýdlaryň üsti bilen görkezýärin. Bu usul döwrebaplygy bilen bir hatarda, okuwçylaryň ýatda saklamagyna oňat ýardam edýär. Sapagyň dowamynda dilimiziň taryhyny öwrenmekde gymmatly eserleriň, nusgawy edebiýatyň bardygy hakynda hem beýan edýärin. Şeýle eserleriň biri hem akyldaryň «Wagzy-Azat» eseri bolup durýar.
Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly ýadygärligi bolup hyzmat edýär. Eserde öňe sürülýän pikirler, hikmetler öz zamanasy üçin derwaýys bolşy ýaly, biziň şu günlerimiz üçin hem juda ähmiýetlidir. Çünki bu ajaýyp edebi ýadygärlikde gozgalýan meseleleriň köpüsi häzirki zaman türkmen durmuşynda dowam edýär. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri ýaş nesiller üçin görüm-görelde, edep-terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Çünki eser terbiýe mekdebidir, eserde halkymyzyň asylly ýörelgeleri wagyz edilýär. Bu barada düşündirmek arkaly okuwçylarda eseri okamak we öwrenmek höwesini döretmek bolýar.
Akyldar Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy, öwüt-ündewleri islendik ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ýol-ýörelgedir, terbiýe mekdebidir. Şonuň üçin hem okuwçylara akyldaryň eserini öwretmek, olaryň köp okamaklaryny gazanmak mugallymyň esasy maksady bolup durýar. Mugallym «Wagzy-Azat» eseri hakynda okuwçylaryň aňyna guýmak bilen, milli edebiýatymyza, ene dilimize söýgi döredýär.
Nurjemal ATANEPESOWA,
Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.12.2024