Dünýä dilleri — kämilligiň binýady
Häzirki döwürde bilim ulgamy has-da ösdürilýär, okatmagyň iň täze ugurlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda orta mekdeplerde sapaklaryň kämil usulda ýola goýulmagy, döwrebap mümkinçilikler esasynda guralmagy örän ähmiýetlidir. Şeýle ugurlar daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda has-da ähmiýetli bolup durýar. Çünki häzirki wagtda dil öwretmegiň döwrebap usullary, ylmy esasda ýola goýlandyr. Bu döwrebap usullar okuw kitaplaryndan we multimedia serişdelerinden, lingafon otaglaryndan ybarat bolup durýar.
Ösüp gelýän ýaş nesillerimize ene dilimizi we daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy maksadymyz bolup durýar. Munuň özi ýaş nesillerimiziň has-da kämilleşmeginde möhüm orun tutýar. Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan döwründe dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi bu ugurdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Sebäbi dil netijeli hyzmatdaşlygyň, adamzat aragatnaşygynyň esasy we zerur serişdesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekleri üçin giň gerimli işler ýokary depgin bilen amala aşyrylýar.
Orta mekdepleriň rus dili sapaklarynda rus krilissa elipbiýi bilen bir hatarda, okuwçylaryň söz baýlyklarynyň artmagy, sözleýiş endikleriniň kemala gelmegi ugrunda sapaklar guralýar. Munuň üçin sapaklarda okuw kitabyndan yzygiderli peýdalanýaryn. Esasan, okuw kitabynda beýan edilýän tekstleri okap berýärin we okuwçylar bilen bilelikde okaýarys. Kitapdaky tekstleri okap, rus dilinde sowal-jogap guraýaryn. Munuň özi okuwçylaryň sözlemek endigini ösdürýär, pikirlenişini kämilleşdirýär. Netijede, olar rus dilinde okamagy we sözlemegi öwrenýärler. Bu bolsa olarda dil öwrenmek höwesini has-da artdyrýar.
Okuw kitaplaryndan başga-da, multimedia tagtasynda ýörite slaýdlary taýýarlamak, slaýdda rus dilindäki sözleriň we terjimesiniň ýerleşdirilmegi döwrebap usullaryň biridir. Bu usul sözleriň okuwçylaryň ýadynda galmagyna, okamak endigi bilen ýazuw endikleriniň hem ösmegine ýardam edýär. Munuň özi daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw işinde netijeli ulanmagyň esasy ugurlary bolup durýar.
Dil öwrenmek täze bir dünýäni öwrenmek hasaplanýar. Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti aýdyň şöhlelenýär. Bu bolsa dünýä dillerini öwrenmek arkaly dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik alýandygymyzy görkezýär. Şeýlelikde, ýaşlaryň dil öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär, olar täze mümkinçiliklere eýe bolýar.
Nurjemal TÖRÄÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
66-njy orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.12.2024