05.12.2024 Pedagogika49

Matematika sapagynyň ähmiýeti


Okuwçylaryň hasaplamak endigini ösdürmek, matematika bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak mugallymyň usulyýetine bagly bolup durýar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermekde sapaklaryň guramaçylykly, täsirli bolmagy zerurdyr.

Orta mekdebiň 5-nji synpynda matematika sapagynda «Natural sanlaryň 10-a, 5-e we 2-ä bölünijilik nyşanlary» diýen tema geçilýär. Sapagy oňat düşündirmek üçin okuw kitabyndan we multimedia tagtasyndan işjeň peýdalanýaryn. Çünki tema gürrüň berlende, ony multimedia tagtasynda slaýd şekilleriniň üsti bilen düşündirmek täsirli bolýar. Şunda, ilki bilen, multimedia tagtasynda görkezilýän matematika sapagyna degişli kesgitlemeleri okadýaryn. Soňra bu kesgitlemäni düşündirýärin. Bu bolsa olaryň sapaga işjeň girişmegine, höwesli diňlemegine ýardam berýär.

Multimedia tagtasynda ýörite slaýdlary taýýarladym, onda, esasan, 10-a bölünýän sanlar görkezilýär. Mysal üçin:

10, 20, 30, 40, 50, 60, 70, 80, 90, 100, 110 we şuňa meňzeş sanlar 10-a bölünýärler.

Bu sanlar hakynda okuwçylar bilen sowal-jogap guraýarys. Şeýlelikde, bu tema boýunça kesgitlemeleri hem özleşdirýäris. Netijede, paýy almak üçin şol sanlaryň ahyrky 0 sanyny taşlap ýazmagyň ýerliklidigi hakynda okuwçylara düşündirýärin.

Multimedia tagtasynda 10-a bölünmeýän sanlary hem görkezýän slaýd şekilini görkezmek bolar:

13, 27, 83, 92, 127 we başga-da birnäçe sanlar 10-a bölünmeýär.

Bu sanlar 10-a bölünse hem olaryň ýazgysyndaky ahyrky sanyna deň bolan galyndy alynýar. Bu hakynda multimedia tagtasynda mysal işläp görmek mümkindir. Okuw kitabynda görkezilen 127-niň 10-a bölünişini multimedia tagtada görkezýäris. Şunda 127-ni 10-a bölenimizde 12-den ýetýär we 7 galyndy galýar. Şu mysalyň üsti bilen okuwçylara natural sanyň ýazgysynyň 0 san bilen gutarýanlaryny 10-a bölüp bolýandygyny düşündirýärin. Eger-de natural sanyň ýazgysy 0-dan başga san bilen gutarýan bolsa, onda ol san 10-a bölünmeýär. Bu ýagdaýda galyndy sanyň ahyrky sanyna deňdir.

Sapagyň dowamynda kitapda berlen mysallary hem bilelikde işleýäris hem-de okuwçylar bilen sorag-jogap guraýarys. Sapagyň ahyrynda öýe ýumuş tabşyrýaryn, kitapdan degişli mysaly işlemelidigini okuwçylara düşündirýärin.

Altyn ATAMURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.12.2024

Tmpedagog