Çagalaryň irki ösüşi
Çagalaryň jemgyýetçilik, duýgy, sözleýiş, beden we akyl taýdan ösüşini toplumlaýyn hasaba almak olaryň kemala gelmeginde örän möhümdir. Kiçi ýaşly çagalar üçin oýun oýnamak höwesi tebigydyr. Çagalar oýnuň üsti bilen, daş-töweregindäkiler bilen gürleşmek, aragatnaşygy ýola goýmak ýaly durmuş-jemgyýetçilik endiklerini, nobat boýunça hereket etmegi, başga birine degişli zady almazlygy öwrenýärler. Çagalar oýun oýnaýan wagtlary begenýärler, özlerini bagtly duýýarlar. Olar rahat gurşawda özlerini rahat duýup, öz ukyp-başarnyklaryny ösdürip bilýärler. Bu köplenç, çagalaryň ösüşinde has ýokary netijeleri berýär.
Mekdebe çenli çagalar, adatça, fiziki aýratynlyklary, gyzyklanmalary ýa-da duýgulary ýaly göze ilýän hereketler arkaly özlerini sypatlandyrýarlar. Mysal üçin, olar oýun oýnanda özlerini bagtly duýýandyklaryny ýa-da kimdir biri oýnamaga rugsat bermedik wagty gynanýandyklaryny aýdyp bilerler. Bu ýaşdakylar, adatça täze zatlary synap görmek isleýärler, ýöne ulularyň pikirleri olaryň düşünjesini çalt üýtgedip bilýär. Şonuň üçin bu ýaşdaky çagalar üçin daş-töweregindäkiler bilen oňyn tejribe toplamak, beýlekiler bilen oýnamak we olardan öwrenmek, deň-duşlary bilen söhbetdeş bolmagy, hyzmatdaşlyk etmegi, diňlemegi we paýlaşmagy öwrenmek möhümdir.
Çaga deň-duşlary bilen oýun oýnanda, olaryň özüniň keýpine, özüni alyp barşyna ýa-da pikirlerine nähili garaýandyklaryny öwrenýär. Eger çaga dostlaşmaga, beýlekiler bilen bile oýnamaga, toparyň bir agzasy bolmaga höwesli bolsa, onda ol özüni alyp barşyna, duýgularyna we sözlerine gözegçilik etmegi öwrenmeli. Çagalar bu ýaşda başgalaryň duýgularyna düşünip başlaýarlar we deň-duşlaryndan biri ýykylan ýa-da bir ýerini agyrdan bolsa, oňa kömek etmegiň zerurdygyna akyl ýetirýärler. Bu duýgudaşlyk terbiýesi çaganyň başgalara ideg etmäge, kömek etmäge we söýmäge ukyply jemgyýetiň jogapkärli agzasy bolup ýetişmegine täsir edýär. Olar oýun arkaly öz-özüni düzgünleşdirmegi, beýlekiler bilen üstünlikli aragatnaşyk saklamak ukybyny öwrenýärler, olar bolsa sagdyn ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar.
Terbiýeçi her bir çaganyň pikirini giňeltmek, okuwyň indiki ädimine geçmegine kömek etmek üçin özbaşdak mysallary işläp düzmäge jogapkärli çemeleşmelidir. Terbiýeçi mugallym okuw gurşawyna jogapkärdir, ol synp otagynyň gyzykly, ylham beriji, howpsuz, höweslendiriji, özüne çekiji meýdançasy bolmagyny gazanmalydyr. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» jemgyýetimiziň her bir agzasynyň nesil terbiýesine öz goşandyny goşmalydygy baradaky wezipä ünsi çekýär. Çaga dogry terbiýe bermegi başarmak durmuşa giňden düşünmegi, şol bir wagtyň özünde-de ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şu jähtden, ýaş çagaly maşgalalara bu babatda ýardam bermegiň göz öňüne tutulmagy hem maksatnamalaýyn wezipeleriň möhüm taraplarynyň biridir.
Äşe KASYMOWA,
Gökdepe etrabyndaky 23-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 27.11.2024