24.01.2023 Pedagogika63 .

Diller — dostluk köprüsi


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir.

 Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr.

 Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçynyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar. Çagalykdan dil öwrenýän çaganyň beýnisindäki «sözlük gory» beýleki deň-duşlary bilen deňeşdirilende has ösendir. Munuň şeýledigini psiholog hünärmenler hem tassyklaýarlar.

 Ýeri gelende bellesek, daşary ýurt dillerini okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ençeme usullary bolup, okuwçylara iňlis dilini öwretmek üçin olary giňden peýdalanýarys. Şol usullara toplumlaýyn çemeleşip, olaryň ählisini hem yzygiderlilikde peýdalanmaga çalyşýarys. Şonuň üçin-de, ol ýa-da beýleki usula artykmaçlyk berip, beýlekileri ünsden düşürmek bolmaz. Okuw işiniň has-da netijeli bolmagyny gazanmak üçin birnäçe usullardan utgaşykly peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şunda grammatik-terjime etmek usuly has-da ähmiýetlidir. Daşary ýurt diliniň grammatik aýratynlyklaryny has-da çuňňur öwrenmek üçin, uly synp okuwçylaryna iňlis dilindäki tekstleri öz ene diline terjime etmegi tabşyrýarys. Şeýle ýagdaýda ençeme täze sözler öwrenilýär, diliň grammatikasy, sözleriň ýazuw kadalary özleşdirilýär.

 Goý, ata Watanymyz Türkmenistana baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Ogulkeýik AMANGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Psihologiýa-pedagogiki bilimi» ugry boýunça magistranty.



ashgabat.in

Tmpedagog