28.10.2024 Pedagogika23

Körpelerde okamak endiklerini ösdürmek


Körpäniň alty ýaşyny dolduryp, mekdebe gitmegi ata-ene üçin buýsandyryjy wakadyr. Şondan soňra çagany mekdebiň düzgün-tertibine öwrenişdirmeli bolýar. Onuň çagalyk ýaşaýyş-durmuşynda üýtgemeler bolup geçýär. Çagalar bagynyň gündelik geçilýän okuw sapaklaryna garamazdan, onuň esasy işi oýun bolsa, indi ol diňe okamaly, öwrenmeli bolýar. Çaga üçin beýle ýagdaýlara uýgunlaşmak aňsat düşmeýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilýän okuw sapaklary mekdepdäkiden düýpli tapawutlanýar. Bu ýerde çaganyň hem oýna, hem sapaga bolan gyzyklanmasyny sazlamak, elbetde, terbiýeçi mugallyma bagly bolup durýar. Çaga berk düzgünlere, talaplara duçar bolýar. Meselem, sapagy ünsli diňlemek, mugallymyň sowalyna jogap bermek, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek, sapaklaryň tertibi, mugallyma ýüzlenişi we şuňa meňzeş ýagdaýlar çagalarda belli bir kynçylygy we jogapkärçiligi döredip bilýär. Ýuwaş-ýuwaş çagada öz deň-duşlaryna, ululara garaýşy üýtgeýär. Şu döwürde terbiýeçiniň çagalara has ýakyn bolmagy, olar bilen yzygiderli söhbetdeşlikleri geçirmegi möhümdir.

Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çagalar hemmetaraplaýyn mekdebe taýýarlanylýar. Olaryň ünsi, ýatkeşligi, pikirlenmesi, duýgulary, başarnyklary ösýär. Ata-enäniň çagany mekdebe taýýarlamak üçin öýde özbaşdak okamagy we hasaplamagy öwretmegi ýeterlik däldir.

Çagany okatmagyň ýaş aýratynlygyna görä, terbiýeçi mugallymyň öz usuly düzgünleri bar we olar berjaý edilýär. Çagany mekdep durmuşyna uýgunlaşdyrmak üçin ruhy hem fiziki taýdan üns berilmelidir. Çaga mekdepde her sapakda 35 minut oturyp okamaly bolýar. Başlangyç synplarda 3-4 sany sapak yzygiderli geçilýär. Şol sapaklarda oturmak çagalara birbada agram salýar. Şol agramy duýmazlyk üçin ata-eneler çagalary bilen maşklar geçip, sport bilen meşgullanmalydyr, ýörite hereketli oýunlary guramak maslahat berilýär.

Öýe tabşyrylýan ýumuşlar çagalarda bir däl-de, birnäçe başarnygyň kemala gelmegine ýardam etmelidir. Her bir alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işinde oýun usullaryna hem uly orun degişlidir. Şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralary bilen umumybilim berýän mekdepleriň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň möhümdigi hakynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem bellenilýär.

Körpe çagalar bagyna gelende irki maşklaryň ýerine ýetirilmegi hem onda sporta bolan söýginiň döremegine, şähdaçyklyga getirýär. Onuň herekete bolan işjeňligini artdyrýar.

Çaganyň günüň dowamynda arassa howada gezelenç etmegini, hereketli oýunlary oýnamagyny, agşam dokuzdan gijä galman ýatmagyny ýola goýmak hökmany ýagdaýdyr. Munuň üçin terbiýeçiler ata-eneler bilen yzygiderli aragatnaşykda bolup, çagalaryň ýagdaýlary bilen ýakyndan tanşyp durýarlar.

Çaga mekdebe çenli ýaşda köp zatlary bilmeli. Meselem, tebigatyň hadysalarynyň üýtgemegini, uly adamlaryň kärlerini tanap bilmegi, ösümlikler we haýwanlar barada düşünjeleri, miweleri gök önümlerden tapawutlandyrmagy, öý haýwanlaryny çöl we ýabany haýwanlardan tapawutlandyrmagy başarmalydyrlar. Olar 10-20-ä çenli sanlary tanap we sanap bilmegi, gysgajyk suratlar boýunça hekaýa düzüp bilmegi, ertekileri gürrüň edip bilmegi, reňkleri saýgaryp, geometriki şekilleri tanap, atlandyryp bilmegi başarmalydyrlar.

Şulary nazarda tutup, perzentleri döwrebap terbiýelemek ata-eneleriň, mugallym-terbiýeçileriň Watan öňündäki mukaddes borjudyr, çünki çagalar biziň geljegimiz, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşjak nesillerdir.

Gülşan ÖWEZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 28.10.2024

Tmpedagog