21.10.2024 Pedagogika45

Çagalar baglarynda dabaraly pursatlar


Çagalar bakja-baglaryndaky dabaralar körpeler we olaryň ata-eneleri bilen geçirilýän aýratyn çärelerdir. Bu dabaralar körpeleriň terbiýelenmeginde we ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Körpelerde oňaýly duýgulary döretmäge, döredijilik başarnyklaryny we jemgyýetçilik ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär. Säherlikler dürli baýramçylyklara, möwsümlere ýa-da wakalara bagyşlanyp, ýörite meýilnamalar boýunça geçirilýär.

Säherlikler körpeleriň hemmetaraplaýyn ösüşine goşant goşýar. Bu çäre körpelerde toparlaýyn hyzmatdaşlygy, beýleki çagalar we ulular bilen aragatnaşyk saklamagy, şeýle hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegi öwrenmegine kömek edýär. Bu özüňe bolan ynamyň döremeginde we köpçüligiň öňündäki çykyş etmek gorkusyny ýeňip geçmekde möhüm ädimdir.

Säherliklere taýýarlyk döwründe körpeler surat çekmek, şekil ýasamak bilen meşgullanýarlar, aýdym aýdýarlar, goşgulary öwrenýärler we tans edýärler. Bu bolsa olaryň döredijilik we saz ukyplarynyň ösmegine, tanslar hem-de işjeň oýunlar hereket ukyplarynyň, sazlaşykly hereketleriň, umumy bedeniň işjeňligini ösdürmäge ýardam edýär.

Şeýle çärelere gatnaşmak arkaly körpeler däp-dessurlarymyz, adatlarymyz we edep kadalarymyz bilen tanyşýarlar. Mysal üçin, «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni», «Halkara Bitaraplyk güni», «Täze ýyl», «8-nji mart — Halkara zenanlar güni», «Milli bahar baýramy» ýaly baýramçylyklara bagyşlanan säherlikler körpeleriň möhüm baýramçylyklaryň we olaryň ähmiýetiniň nämedigini bilmegine kömek edýär.

Şeýle säherliklere gatnaşmak körpeleriň duýgularyny beýan etmegine, üstünliklerine begenmegine we tolgunmak bilen öňe çykmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa emosional durnuklylygyň güýçlenmegine we ösmegine ýardam edýär.

Çagalar bakja-baglarynda geçirilýän baýramçylyk säherlikleriniň birnäçe görnüşleri bar. Muňa möwsümleýin ýa-da senenamalaýyn geçirilýän baýramçylyk çäreleri degişli bolup durýar. Olara ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanan çäreler degişlidir. Bu säherlikler çagalar bakja-bagynyň ýyllyk iş meýilnamasynda berilýär. Şeýle säherlikleriň öz geçiriliş tertibi, bezegi we baýramçylyk temasyna laýyk gelýän geýimleri bolýar.

Säherliklere taýýarlyk işleri hem öz içine birnäçe tapgyrlary alýar. Ilki bilen, tema saýlanylýar. Terbiýeçiler aýdym-saz mugallymy bilen bilelikde amatly temany saýlap, aýdym-saz, goşgular, oýunlar we sahna çykyşlaryny öz içine alýan meýilnamany düzýärler. Düzülen meýilnama boýunça çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisinden degerli maslahatlary alýarlar we çagalar bakja-bagynyň müdirine tassykladýarlar. Soňra olar körpeleriň güýçýeterliliginde bölünip berilýär we gaýtalanyp taýýarlyga başlanylýar. Körpeler keşpleri, hereketleri we aýdymlary tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegi öwrenýärler. Baýramçylyk säherliginiň dowamynda çagalar öz başarnyklaryny görkezýärler, ata-eneleriň we beýleki çagalaryň öňünde çykyş edýärler. Ata-eneler hem terbiýeçi mugallymlar bilen birlikde säherlikleri geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Terbiýeçi mugallymlar çykyşlary gurap, körpeleriň kynçylyklary ýeňip geçmegine kömek edýärler. Ata-eneler bolsa çagalaryna goldaw berýärler, geýimlerini taýýarlamaga kömek edýärler we guramaçylygyna gatnaşýarlar. Säherlige taýýarlykda ata-eneler bilen bilelikdäki gatnaşyk çagalar bagynyň maşgala bilen bilelikdäki işini guramaga, gatnaşygyň berkemegine goşant goşýar.

Çagalar bakja-baglarynda geçirilýän baýramçylyk çäreleri diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşine kömek edýän terbiýeçilik işleriniň möhüm bölegidir. Bu çäreler çagalaryň döredijilik, jemgyýetçilik we emosional başarnyklaryny ösdürmäge kömek edýär. Bu bolsa çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär.

Göwher ANNAÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 21.10.2024

Tmpedagog