21.10.2024 Pedagogika41

Görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň usullary


Mekdepde matematika sapagynyň dowamynda çaganyň aňynyň kämilleşmeginde, akyl-paýhas işjeňliginiň artmagynda, bilim derejesiniň, pikirleniş ukybynyň ösmeginde, öz ýalňyşyny düzetmekde we beýleki sapaklaryny özleşdirmekde küşt oýnunyň aýratyn täsiri bar. Küşt oýnunda meseleler, mysallar we testler uly orun tutýar hem-de onuň çaganyň logiki pikirlenmek ukybyny ösdürmekde, küşti durmuşda ulanmak başarnygyny we dialektiki dünýägaraýşyny kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Matematika sapaklarynda mekdep okuwçylaryna küşt oýnuny öwretmegiň pedagogikanyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Ol çaganyň aňyny ösdürýär, gözýetimini giňeldýär, kanagatlylyk, sabyrlylyk häsiýetlerini kämilleşdirýär.

Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde peýdalanylýan öwrediji oýunlar birnäçe toparlara bölünýär:

Sanlar bilen oýunlar, wagt düşünjelerini öwretmek boýunça oýunlar, ugur kesgitlemegi öwredýän oýunlar, geometrik şekiller bilen geçirilýän oýunlar, pikirleniş ukybyny ösdüriji oýunlar.

Sanlar bilen oýunlara okuwçylara 10-a çenli öňe we yza sanamagy öwredýän oýunlar degişlidir. Ertekiler esasynda oýunlar guralyp, dürli predmetleriň toparlary deňeşdirilip, çagalar 1-den 10-a çenli sanlar bilen tanyşdyrylýar. San tagtasyndaky ýerleşdirilen predmetleriň toparlary deňeşdirilýär we çagalara sanlary yzygiderlilikde ýerleşdirmek tabşyrylýar.

«Haýsy san ýitdi?», «Näçe?», «Bulaşyklyk», «Ýalňyşlygy düzet!», «Sanlary kemeldýäris», «Goňşulary atlandyr!» ýaly öwrediji oýunlary diňe sapakda däl-de, sapakdan daşary çärelerde hem oýnatmak mümkin. Şeýle oýunlar arkaly 10-a çenli sanlary erkin ulanyp, çagalaryň öz hereketini sözler bilen düşündirip bilmegi gazanylýar.

«Goňşulary atlandyr!» oýnunda çagalar tegelek bolup durýarlar. Mugallym tegelegiň ortasynda durup, çagalaryň birine her tarapyndan bir san belgisi ýerleşdirilen kubigi oklaýar. Çaga kubigiň ilki özüne tarap bakan sanyny aýdýar, soňra onuň öňünden we yzyndan gelýän sanlary aýdýar.

Okuwçylara mugallymyň mysallary sessiz görkezen wagtynda, jogaplary hersiniň arasynda otur goýmak arkaly depderlerinde ýazdyrmak hem bolar.

Umuman, başlangyç synplarda okuwçylary sapaga çekmek, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmak esasy ugur bolup durýar. Şunda oýunlar arkaly matematiki amallary düşündirmek bolar.

Gyzylgül AKADOWA,
Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky
maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we
kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 21.10.2024

Tmpedagog