21.10.2024 Pedagogika39

Synp sagatlarynyň ähmiýeti


Umumybilim berýän orta mekdeplerde synp sagatlarynyň ähmiýetli taraplary köpdür. Beýleki derslerden tapawutlylykda, synp sagadynda okuwçylar bilen özbaşdak pikir alyşmalary, söhbetdeşlikleri hem gurap bolýar. Ýurdumyz boýunça bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler barada okuwçylara aýdýaryn. Has takygy, täze okuw ýylynyň başynda ähli welaýatlarymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanylmaga berlendigi hakynda maglumat berýärin. Döwrebap derejede gurlan bilim ojaklarynda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we terbiýe berilýändigi hakynda okuwçylara maglumatlary berýärin. Ýurdumyz boýunça, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşikleriň we ondaky gazanylýan üstünlikleriň bolsa, mugallymlarymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesidigi barada gürrüň berýärin.

Bilimli nesli ýetişdirmek, jemgyýetiň ösüşine goşant goşýan hünärmenleri taýýarlamak asylly ýörelgä öwrüldi. Şunda mugallymlaryň bilim öwretmekleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda esasy wakalar bilen bagly maglumatlary okuwçylara gürrüň berýärin. Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim öwretmekde ussatlyk görkezendigi baradaky pursatlara okuwçylaryň ünsüni çekýärin.

Türkmen halkynyň öz döwlet gurluşynyň nusgasyny, hamyrmaýasyny ruhy sütünlerimizden, aýratyn hem, beýik Magtymguludan alyp gaýdýandygy barada dürli mysallaryň üsti bilen okuwçylaryma gürrüň berýärin. Dana Pyragynyň parasatly pikirleriniň çeper eserleriň üsti bilen edebiýatda orun almagy akyldaryň mirasynyň halkyň ruhunda ýaşaýandygyny, ýaşaýyş durmuşymyzda möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanyndaky «Tälim beren ussadyňdan aýrylma», «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar», «Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil» ýaly pähime ýugrulan setirler eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu paýhasly sözler türkmen halky üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýar. Şeýle setirleriň manysyny okuwçylaryma ýetirýärin. Munuň ynsanyň her biriniň durmuşynda görelde mekdebine öwrülmelidigi hakynda giňişleýin düşündirýärin.

Almagül SAPAROWA,
Akdepe etrabyndaky 94-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 21.10.2024

Tmpedagog