08.10.2024 Pedagogika76

Kompýuter tehnologiýasyny öwretmek


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw sapaklaryň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili gowulandyrylýar.

Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi gönüden-göni orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň derejesine baglydyr. Orta mekdeplerde okuwçylara kompýuter tehnologiýalary ýörite ders hökmünde geçilýär. Häzirki wagtda okuwçylar kompýuter tehnologiýasyny öwredýän informatika sapagyna işjeň gatnaşýarlar.

Orta mekdebiň okuwçylaryna informatika dersinden sapak bermekde, olara temany düşündirmekde okuw kitaplaryndan, multimedia tagtalaryndan we kompýuterlerden peýdalanmak gerekdir. Informatika sapagynda geçilýän temalara düşünmek üçin algebrany, matematikany oňat bilmelidigini okuwçylara düşündirmeli. Sapakda hasaplaýyş usullary barada düşünje bermek bilen, onluk we ikilik hasaplaýyş usullary hakynda düşündirýärin. Bu babatda multimedia tagtasynda ýörite slaýdy taýýarlamak, tablisalary görkezmek okuwçylara oňat täsir edýär.

Mysal üçin, 10-njy synpyň okuwçylaryna sapakda iň gadymy usulyň hasaplaýyş ulgamlary hakynda hem düşündirýärin we häzirki kompýuterde hasaplaýyş bilen deňeşdirip öwredýärin. 1000 içinde sanlary ýazuw arkaly sütünleýin hasaplamakda tehniki serişdeleriň we multimedia okuw tagtasynyň kömegi bilen sesli şekilleri taýýarlamak üçin dürli mümkinçilikleri peýdalandym. Ilki bilen, okuwçylara köp belgili sanlary aýyrmak we goşmak üçin ýatdan hasaplamagyň usullaryny öwretmek bilen sütünleýin hasaplamakda sanlaryň ýazylyş usulyny umumy düşündirýärin. Şeýlelikde, sapagy matematika sapagy bilen baglanyşdyryp öwredýärin.

Soňra multimedianyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ilki bilen, tablisada görkezilen sanlaryň kompýuterde ornuny düşündirýärin. Ýörite taýýarlanan şekilli ýazgyny hem peýdalanýaryn. Şeýle hem sapagyň dowamynda hasaplaýyş usullaryny giňişleýin düşündirýärin, kesgitlemelerini multimedia tagtasynda ýazýaryn. Şeýlelikde, okuw kitabynda beýan edilenleri öýde okamagy we indiki sapakda beýan etmegi tabşyrýaryn. Sapagyň ahyrynda bolsa okuwçylaryň düşünjelerini barlaýaryn, ýagny olar bilen sorag-jogap alyşýarys.

Sapaklaryň guramaçylykly geçirilmegi ýaş nesli ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmegiň möhüm şertidir. Multimedia serişdelerinden peýdalanyp, sapagy täsirli guramak her bir mugallymyň borjy bolmak bilen, ol ylymly-bilimli, päk ahlakly ýaşlary terbiýelemäge mümkinçilik berýär.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
74-nji «Bagtyýar nesiller»
orta mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 07.10.2024

Tmpedagog