08.10.2024 Pedagogika98

Okuwçylaryň dil baýlygyny artdyrmak


Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ýörelgelerimize, pederlerimizden gelýän mirasymyza uly sarpa bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz giňişleýin öwrenilýär, şeýle hem bu gymmatlyklar ýaş nesillere öwredilýär. Ýaşlara ene dilimizi öwretmek asylly ýörelgeleriň biri bolup, bu iş başlangyç synplardan ýola goýulýar. Okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak üçin ene dili sapagyny guramaçylykly geçýärin. Şunda okuw kitabyndan, şeýle hem multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanýaryn.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Milli terbiýäniň gözbaşy ene diline bolan söýgüden başlanýar. Türkmen dilinde nakyllaryň, paýhasly sözleriň üsti bilen ýaşlara asylly terbiýe bermek mümkindir. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda işler barha giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Ene dilimize söýgi döretmekde nakyllaryň, atalar sözleriniň orny uly bolýar. Şonuň üçin hem «Paýhas çeşmesi» kitabyndan dile degişli sözleri jemleýärin we multimedia tagtasynda ýazýaryn: «Dil — akylyň açary», «Dili süýjiniň dosty köp», «Edep başy — dil». Şeýle nakyllar ene dilimiziň baýlygydyr. Sapagyň dowamynda multimedia tagtasynda ýazylan nakyllary labyzly okaýarys. Bu hem okuwçylarda ene dilimize bolan söýgini kemala getirýär. Okuwçylar multimedia tagtasyndaky sözleri, nakyllary okamak bilen, olarda kitap okamak endigi hem kemala gelýär. Bu, esasan hem, başlangyç synp okuwçylaryna has hem, zerurdyr, çünki okuwçylaryň ilkibaşdan okamaga bolan islegleri hem kemala gelýär.

Ene dili sapagynda okuw kitabynda berlen tekstleri okuwçylaryň depderlerine göçürdýärin, şeýle hem kitapdaky tekstleri labyzly okadýaryn. Munuň özi sapaklarda okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sapagy many-mazmunly geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda göz öňünde tutulan temalar yzygider geçirilýär. Okuwçylara sözleýiş medeniýetini ösdürmek ene dilimiziň sözlerini, ýazylyşyny öwretmek bilen baglanyşdyrylýar. Sapagyň dowamynda okuwçylara sözleri okamagy we ýazmagy öwrenmelidiklerini düşündirmek has-da täsirlidir.

Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillere, ýaşlara kitaba bolan söýgini döretmek gerek. Kitaplarda dilimiziň nusgalyk baýlyklary, gadymy sözleri öz beýanyny tapypdyr. Şonuň üçin hem kitap okamak endigini ösdürmek möhüm bolup durýar. Ýaş nesliň kitaba bolan gyzyklanmasy ene dilimiziň sözlerine düşünmeklerine oňat ýardam eder.

Sapagyň ahyrynda okuw kitabyndan degişli ýumuşlary tabşyrýaryn, okuwçylaryň sowallaryna jogap berýärin. Sapagy guramaçylykly jemlemek okuwçylarda oňat täsir galdyrýar, olary okamaga, berlen ýumuşlary ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.

Güljan MUHAMMETGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 07.10.2024

Tmpedagog