03.10.2024 Pedagogika58

Täze eýýamda nesil terbiýesi


Biz ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň ösen dünýäsinde ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň göz guwanjy hem geljegi bolan ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Täze taryhy döwürde watansöýüji, zähmetsöýer, aň-düşünjeli nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilik durýar. Şunda ýaşlara halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan we ýörelgelerinden ugur alnyp, estetiki terbiýe bermek aýratyn orny eýeleýär. Şeýle mazmunly terbiýe ösüp gelýän ýaş nesilde estetiki garaýşy, islegi, estetiki düşünjeleridir ruhy-ahlak kämilligi kemala getirmegiň we ösdürmegiň özboluşly, has täsirli görnüşi hökmünde ykrar edilýär. Estetiki terbiýe çaganyň durmuşyndaky ilkinji ädimlerinden, onuň zybana getirýän ilkinji sözlerinden hem-de edýän hereketlerinden başlanýar. Daş-töweregimizi gurşap alan durmuş gözelligi estetiki terbiýäniň serişdesi bolup durýar. Ol tebigat, adamlaryň jemgyýetçilik we döredijilik işleri, olaryň durmuşy, özara gatnaşyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Halkymyz ir wagtlardan bäri ýaş nesle gözelligi duýmagy we goramagy öwredipdir. Şu jähtden, ýakymly ene hüwdüsi, çaga oýunlary, olara söýgülenip aýdylýan ýakymly sözler, ýerlikli mylaýym gülki, çagalaryň öz aýdýan oýun aýdymlary, sanawaçlary, degişmeleri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu terbiýäniň çäklerinde çagalaryň hut özleriniň hem gözellikleri döretmäge gatnaşmaklaryna has köp üns we ähmiýet berlipdir. Ýagny gyzjagazlar haly dokamaga, keşde çekmäge, gülli joraplary örmäge, oglanlar bolsa bag nahallaryny oturtmaga, olary idetmäge we dürli senetçilik işlerine gatnaşdyrylypdyr. Şonda pederlerimizdir ene-mamalarymyzyň olardan edýän esasy talaby ýerine ýetirýän işlerini gowy hilli, arassa, owadan ýerine ýetirmekleri bolupdyr.

Umumybilim edaralarynda estetiki terbiýe ähli okuw derslerini, aýratyn hem edebiýat, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, zähmet okuwy derslerini öwretmek bilen baglylykda amala aşyrylýar. Sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri, medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjylar, şahyrlar, žurnalistler bilen bolýan duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, dürli gurnaklar çagalara estetiki terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň medeni aň-bilim edaralarynyň ençemesi — medeniýet öýleri, sungat mekdepleri, kitaphanalar, çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleri ýaş nesle estetiki terbiýe bermekde giň gerimli işleri alyp barýarlar.

Selbi ÝAGMYROWA,
Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň müdiri.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 03.10.2024

Tmpedagog