02.10.2024 Pedagogika50

Okuwçylarda okamak endigini ösdürmek


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, iň döwrebap mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda okatmagyň häzirki zaman usullaryna uly orun berilýär. Bilim işgärleri milli tejribäni, ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrýarlar.

Bilim özgertmeleriniň netijesinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sapaklary okatmakda we bilim öwretmekde bu möhüm resminamadan ugur alynýar. Başlangyç synplarda sapagy guramak, okuwçylaryň sowat öwrenmeklerini we pikirlenişini ösdürmek esasy ugurlaryň biridir.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-nji synpynda okuwçylaryň okamak endikleri kämilleşdirilýär. Ene dili sapagynda okuwçylar sözleri, tekstleri okaýarlar. Bu sapakda ýörite okuw kitaplaryndan peýdalanýarys. Şeýle hem labyzly okamaklary üçin multimedia tagtalarynyň we slaýd şekilleriniň aýratyn orny bardyr. Mekdeplerde ornaşdyrylan multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär. Okuwçylaryň gözýetimleriniň giňelmeginde, beýan ediş ukyplarynyň ösmeginde, pikirleniş endiklerini ösdürmekde sanly ulgamyň hyzmaty uludyr. Sapakda multimedia tehnologiýalaryndan peýdalanmak garaşylýan oňyn netijäni berýär. Täsirli serişdeler ulanylanda, okuwçylar öwrenilýän temany tiz özleşdirýärler. Şonuň üçin hem sapakda okuw kitaplary bilen birlikde slaýd şekillerini hem ulanýaryn. Slaýd şekillerinde sözleri we tekstleri ýazyp goýýaryn. Sapagyň dowamynda multimedia tagtasyndaky sözleri we tekstleri okuwçylar bilen bilelikde okaýarys. Bu bolsa okuwçylaryň labyzly okamagyna, okamak endikleriniň kämilleşmegine oňat täsir edýär.

Başlangyç synplarda her bir sapagyň täsirliligini artdyrmak mugallymyň döredijiligine, çekýän zähmetine baglydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy her bir guralýan sapagyň oňat netijeli bolmagyna uly ýardam berýär. Şeýlelikde, multimedia tagtasynda çagalar üçin goşgulary hem ýazyp goýýaryn. Okuwçylar goşgulary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Olaryň ýatkeşligini ösdürmek üçin bu goşgulary depderlerine göçürmegi tabşyrýaryn. Okamak endigi dürs ýazuwyň, çeper we labyzly okaýşyň esasynda hem kemala gelýär. Labyzly okamak, esasan, goşgulary we tekstleri okamakdan, okuwçylar bilen bile okamakdan kemala gelýär. Bu endigiň kemala gelmeginde, ozaly bilen, okuwçylaryň ýazmagy we ýat tutmagy düýpli kämilleşdirmegi gerekdir. Şonda sözleri takyk ýazmagy, okamagy düýpli öwrenýärler.

Sapagyň ahyrynda öýe ýumuş tabşyrýaryn, şeýle hem depderlerine ýazyp alan goşgularyny ýat tutmalydygyny aýdýaryn. Okuwçylaryň gyzyklanmasynyň artmagyna, okamak endiginiň ösmegine çagalar üçin ýazylan goşgular oňat täsir edýär.

Oguljan ÝANYBAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.10.2024

Tmpedagog