02.10.2024 Pedagogika58

Çagalar bagyndaky gurnaklaryň aýratynlyklary


Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Çagalar baglarynda dürli usullar esasynda okuw-terbiýeçilik işleriniň alnyp barylmagy, gurnaklaryň hereket etmegi uly ähmiýete eýe bolup, çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini açmakda we ösdürmekde netijesi uly bolan işlerdir. Çaganyň beden taýdan sagdyn ösmeginde, zehininiň açylmagynda çagalar baglarynda hereket edýän gurnaklaryň örän uly ähmiýeti bar. Gurnaklar körpelere bilim we terbiýe bermekde goşmaça çeşmedir. Şeýle-de gurnaklar mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan pedagogik işdir. Çagalar baglarynda açylýan gurnaklar birnäçe wezipäni, ýagny bilim berijiligi, terbiýeleýjiligi öz içine alýar. Mekdebe çenli çagalara sapaklarda okuw ýumuşlaryny ýerine ýetirmegiň dürli tärlerini öwretmek, gurnaklarda olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek pikirleniş işjeňliginiň kämilleşmegine, ukyplarynyň ösmegine ýardam edýär.

Gurnaklar körpeleriň irki ýaşdan başlap, durmuş endiklerini we başarnyklaryny ösdürmäge, zehinini ýüze çykarmaga, olaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürmäge, syn edijiligini, bilesigelijiligini, ugurtapyjylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahlak, zähmet hem-de gözellik terbiýeleriniň dogry guralmagyna kömek edýär. Bu işler körpeleriň döredijilikli çemeleşmesini ýüze çykarýar, zehinini ösdürýär, özbaşdak ösüş başarnygyny kämilleşdirýär.

Gurnaklar çaganyň öz gyzyklanmasy, zehini, islegi boýunça işleri öz içine alýar. Körpeleriň zehinini wagtynda ýüze çykarmak, olara goltgy bermek, ümzükleriniň öňe bolmagyny gazanmak, başarnyklary kemala getirmek işleri bilim işgärleriniň esasy wezipesidir.

Gurnaklar birnäçe görnüşleri öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde, beden saglygy sapagy boýunça alnyp barylýan «Körpeje türgenler» gurnagyny görkezip bolar. Bu gurnaklarda körpeler maşklary ýerine ýetirýärler, türgenleşýärler. Şeýle hem körpeje küştçüleri ýa-da körpeje şaşkaçylary taýýarlamak bolýar. Munuň özi körpelerde sporta bolan gyzyklanmany kemala getirýär. Sportuň beýleki görnüşleri bilen höweslenmegine ýol açýar, ýagny pökgi bilen oýnalýan oýunlar — futbol, woleýbol, basketbol oýunlary bilen hem tanyşdyrmak bolýar.

Durmuş ähmiýetli we döredijilik gurnaklarynda dürli hünärler hakynda düşünje berilýär. Ýerine ýetirýän işleri boýunça körpeler «Körpeje aşpez», «Körpeje bagban», «Körpeje gurluşykçy», «Körpeje keşdeçi» diýip höweslendirilýär. Şunda «El hünäri il gezer», «Adam eli gyzyl gül» ýaly nakyllaryň manysy düşündirilýär.

Çagalar bagymyzda hem şekillendiriş sungaty sapagy boýunça «Ýaşajyk suratkeşler», «Ýaşajyk binagärler» ady bilen gurnak işleri alnyp barylýar. Ol gurnaklara uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň körpeleri gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezýärler, höwes bilen surat çekýärler, dürli oýunjaklardan binalaryň şekillerini ýasaýarlar. Çagalaryň bu gurnaklara gatnaşmaklary olarda hünäre bolan söýgini artdyrýar. Şeýle gurnaklaryň üsti bilen olarda hünärlere bolan gyzyklanma döreýär, bilim başarnyklary ösýär. Sport çäreleriniň üsti bilen çagalaryň alýan bilim-terbiýesiniň netijeliligi ýokarlanýar. Bu işleri alyp barmak bilen, körpeleriň irki çagalyk döwründen kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginiň binýadyny berkidýäris.

Ogulkeýik AMANOWA,

Aşgabat şäherindäki 142-nji çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.10.2024

Tmpedagog