25.09.2024 Pedagogika128

Başlangyç synplarda okatmagyň işjeň usullary


Başlangyç synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we ynsanperwer garaýşy kemala getirmek bolup durýar. Ýaş nesli terbiýelemek, olarda gowy sypatlary kemala getirmek bilen, zerur durmuş endiklerini öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki çagalar — jemgyýetimiziň geljegi. Şonuň üçin olaryň terbiýesine, akyl we beden taýdan ösüşine çynlakaý üns berilýär.

Her bir sapagy täsirli guramaklyga, onuň bilim berijilik derejesi bilen bir hatarda, terbiýeçilik tarapyna hem aýratyn ähmiýet berýärin. Okuw işiniň netijeliligi, ilkinji nobatda, mugallymyň saýlap alan okuw usullaryna bagly bolup durýar. Şonuň üçin döwrüň talaplaryndan ugur alyp, guralýan sapaklarda innowasion okuw usullaryny, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmak okuwçylaryň bilim derejeleriniň artmagyna täsirini ýetirýär. Ýaş nesli geljekde sowatly, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösýän jemgyýete uýgunlaşmaga ukyply adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde alyp barýan işlerimiz oňat netije berýär.

Şu ýylyň 25-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlendi. Konsepsiýanyň amala aşyrylmagynda her bir okuwçyda Watana wepalylygy terbiýelemek, tebigata söýgi döretmek, olary ylym-bilime, halal zähmete ugrukdyrmak baş maksat edilip goýulýar.

Ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata söýgi döretmek tebigaty öwreniş sapaklarynda uly ähmiýete eýedir. Başlangyç synpyň tebigaty öwreniş okuw kitaby mähriban Watanymyz Türkmenistanyň dürli künjekleri barada okuwçylara täsirli maglumat, oňat düşünje berýändigi bilen gyzyklydyr. Öz ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny söýmek, oňa guwanmak çagalara watançylyk terbiýesini bermek işinde ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Olara bu ders boýunça ösümlikler, haýwanlar, tebigy hadysalar, janly we jansyz tebigatyň adama peýdasy baradaky berilýän düşünjeler okuwçylaryň ýokary synplarda oňat okamaklaryna mümkinçilik döredýär.

Tebigaty öwreniş sapagynda Balkan welaýaty barada gürrüň berenimde, onuň ýerleşýän ýerini kartada görkezýärin. Türkmenbaşy şäheriniň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýändigini, onuň iň uly «deňiz derwezesi» hasap edilýändigini aýdýaryn. Balkan welaýaty barada söhbet açylanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezleri barada durup geçýärin, olarda Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy şatlykly hem peýdaly geçirýändiklerini nygtaýaryn.

Täze temany berkidenimde, okuwçylara reňkli suratlary görkezip, olaryň ýurdumyzyň haýsy şäherlerindäki binalardygyny soraýaryn. Çagalar soraglaryma uly gyzyklanma, höwes bilen jogap berýärler. Munuň özi olaryň täze temany aňly-düşünjeli özleşdirendiklerini mälim edýär.

Bahargül BAÝJANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary,
programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýötiteleşdirilen
29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 25.09.2024

Tmpedagog