25.09.2024 Pedagogika79

Okuwçylarda Watanymyza söýgini terbiýelemek


Watansöýüjiligi ösdürmek ýaş nesli, aýratyn-da, okuwçylary terbiýelemekde iň möhüm wezipeleriň biridir. Watançylyk terbiýesinde ata-babalarymyzyň arzyly arzuwlarynyň wysaly bolan Garaşsyzlyga söýgi iňňän uly ähmiýete eýedir. Hut şoňa görä-de, umumybilim berýän orta mekdeplerde ýaş nesle terbiýe bermekde mukaddesligimize söýgini ösdürmek zerurdyr.

Mekdep okuwçylarynda Garaşsyzlyga guwanjy we buýsanjy artdyrmakda, ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşiniň eçilen miwelerini içgin düşündirmekde iň ilkinji çeşme hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri ýörelge bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly eserleri hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bu ugurda gymmatly gollanmalardyr. Bu eserlerden ýurt Garaşsyzlygynyň türkmen halkyna eçilen bagty, döwlet berkararlygynyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, bu ugurda ýaş nesliň paýyna düşýän jogapkärçilik baradaky jümleleriň many-mazmunyny düşündirmek, şolar esasynda düzme ýazmak, dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek ýaly usullar örän netijelidir. Şonuň üçin hem okadýan sapagymyzda bu barada okuwçylara giňişleýin düşündirýäris.

Eziz Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky şanly seneler, möhüm wakalar bilen baglanyşykly habarlardyr täzelikleriň yzygiderli esasda okuwçylara ýetirilmegi hem olaryň Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerine buýsanjyny artdyrmaga ýardam edýär. Şunda şol buýsançly wakalaryň, taryhy çözgütleriň her bir raýatyň durmuşyna ýetirýän täsirini sada dilde düşündirmek hem möhüm bolup durýar. Bu işde okuwçylaryň hut özleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek hem oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň bilim ojaklary dünýä ülňülerine laýyk gelip, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk serişdeleri, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, okuwçylara ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada wideoşekilleri görkezýärin, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan habarlardyr teswirler bilen tanyşdyrýaryn. Munuň özi Garaşsyzlygyň eçilen miwelerine çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Alnan düşünjeleri goşmaça ýumuşlar arkaly berkidilmegi bolsa olaryň täsirliligini ýokarlandyrmaga itergi berýär.

Paýtagtymyz Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň gözel künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat etmek, sergilere, muzeýlere we ýadygärlikler toplumlaryna gezelençleri guramak, kinofilmlere we teatr sahnalaryna tomaşa etmek mekdep okuwçylarynda watançylyk duýgusyny, Garaşsyzlyga söýgini ösdürmegiň täsirli usullarydyr. Çünki şeýle çäreleriň netijeli guralmagy okuwçylaryň dünýägaraýşynyň giňemeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýaş nesilde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylan üstünlikler bilen baglanyşykly döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, sowal-jogap görnüşindäki çäreleriň guralmagy netijeli usullaryň hatarynda orun alýar.

Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünýän, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala getirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň we halkymyzyň abadan durmuşynyň güwäsidir. Hut şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda maşgala we il-güne wepaly ýaşlary terbiýelemek her bir mugallymyň borjudyr.

Selbi ŞIHIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 65-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 23.09.2024

Tmpedagog